2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZ

2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap, ýazan “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze eserini wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Mashatynda Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynyň dowamynda ýenede pähim paýhasyndan joşup çykan täze eserini halkymyza peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hemde onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtap geçendigi barada maslahata gatnaşanlar uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz kitabynda ata-babalarymyzyň ýenede bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen bel¬ländigini uly alkyşlar bilen çykyş eden myhmanlar belläp geçdiler. Bu dabaraly pursatlar barada maslahata gatnaşan hormatly myhmanlarymyz uly buýsanç bilen çykyş etdiler we ýurdumyzyň at-abraýyny ýokarlandyran Mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar, Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

Öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm