2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ZENANLAR GURAMASYNYŇ DÖWREBAP IŞLERI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde wagyz-nesihat işlerini geçirmek babatda möhüm wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmek boýunçaTürkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç etrap bölümi tarapyndan guramanyň işjeňligini artdyrmak, wagyz-nesihat işlerini yzygider geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bölüm 75 sany ilkinji guramasynda 22470 agzany özünde jemleýär. Ýerlerdäki ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we welaýat bölümleriniň meýilnamalary esasynda gelin-gyzlarymyzyň arasynda jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmek, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi, milliligimizi gorap saklamak, geljek nesillerimize ýetirmek, zenanlarymyzyň maşgalada, nesil terbiýesinde tutýan orny, gelin-gyzlarymyzyň alaja örmek, gaýma gaýamak, dokma dokamak we beýleki el işleri bilen meşgullanmaklary barada yzygider wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde wagyz-nesihat işlerini geçirmek babatda möhüm wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç etrap bölümi tarapyndan guramanyň işjeňligini artdyrmak, wagyz-nesihat işlerini yzygider geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bölüm 75 sany ilkinji guramasynda 22470 agzany özünde jemleýär. Ýerlerdäki ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we welaýat bölümleriniň meýilnamalary esasynda gelin-gyzlarymyzyň arasynda jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmek, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi, milliligimizi gorap saklamak, geljek nesillerimize ýetirmek, zenanlarymyzyň maşgalada, nesil terbiýesinde tutýan orny, gelin-gyzlarymyzyň alaja örmek, gaýma gaýamak, dokma dokamak we beýleki el işleri bilen meşgullanmaklary barada yzygider wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Köneürgenç etrap bölüminiň topar agzalary tarapyndan maşgalalar bilen wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Olarda maşgala mukaddesligini berkitmek barada degerli maslahatlar berilýär.
TZB-niň welaýat zenanlar birleşigi tarapyndan geçirilýän bäsleşiklere etrabymyzyň dürli ugurlarda zähmetçekýän zenanlary işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryň mekanyna öwrülendigini äşgär edýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA, TZB-niň Köneürgenç etrap bölüminiň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm