2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

HÜNÄR BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN DABARALAR

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni welaýatymyzyň çäklerinde giňden bellenilip geçildi. Şu mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan dabaraly maslahat hem işjeň ýagdaýda geçdi. Oňa welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şu pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, köplere görelde bolýan adamlar gatnaşdylar.
Maslahatda welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, baýry energetik Hanbaý Saparow gutlag sözleri bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hatarynda gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlaryny ösdürmek, olarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, hilini gowulandyrmak barada edýän aladalarynyň ähmiýetini, berýän ajaýyp miwelerini belläp geçdiler hem-de halkymyzyň bagty- ýar, eşretli durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şeýle tagallalary üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ähli künjekleriniň hatarynda biziň welaýatymyz hem gurluşyk işleriniň giň gerimli alnyp barylýan, täze binalaryň, ymaratlaryň köp gurulýan ýerleriniň birine öwrüldi. Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Daşoguz şäherinde açylan «Türkmeniň ak öýi» binasy, ençeme ýa- şaýyş jaýlary munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň ýaly-da welaýatymyzyň energetika, jemagat hojalygy ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreler hem guwandyryjy netijeleri berýär. Bu ugurlarda halkymyzy, edara-kärhanalary elektrik energiýasy bilen ýeterlik üpjün etmekde, şäherdir obalarymyzda amala aşyrylýan arassaçylyk işleriniň ýokary derejede guralmagyny gazanmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň şu pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy güýç berdi.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm