2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

MAŞGALA MUKADDESLIGINIŇ SARPASY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölüminiň etrap merkezindäki çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň arasynda guran wagyz-nesihat duşuşygy maşgala mukaddesligine bagyşlandy. Onda çykyş edenler dünýäniň görki hasaplanýan gyz-gelinleriň maşgaladaky sarpasy, jemgyýetimizde eýeleýän orny, gözelligi, edep-ekramy, çeper elleriniň hünäri, olara döwlet derejesinde goýulýan hormat barada giňişleýin gürrüň etdiler. Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler barada durup geçdiler. Şeýle ösüş-özgerişlere gelin-gyzlaryň goşýan mynasyp goşandy, enelerimiziň edep-terbiýeli, päk ahlakly, watansöýüji nesilleri terbiýelemekdäki yhlasly zähmeti barada hem pikir alşyldy.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar milli mirasymyzyň, baý medeniýetimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.

Arazgeldi Gurbanýazow, «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm