2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ENELER ÝYLGYRSA, ÄLEM ÝYLGYRÝAR

Ene mäh­ri­ban­ly­gy di­ýen jüm­lä­niň aňry­syn­da ul­lakan ma­ny bar. Ene mäh­ri yn­san göw­nü­ni gü­neş ýa­ly ýy­ly­ly­gy, älem ki­min giň­li­gi bi­len maýyl ed­ýär. Ene mäh­rin­de gud­rat bar, güýç bar. Mäh­ri­ban ene­le­riň ýü­re­ginde joş ur­ýan şol mä­hir-mu­hab­bet, olara go­ýul­ma­ly hor­mat-sar­pa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Enä tag­zym — mukad­des­li­ge tag­zym» at­ly aja­ýyp kita­byn­da çuň maz­mun­ly ro­wa­ýat­dyr tym­sal­la­ryň, dür­dä­ne jüm­le­le­riň, pa­rasat­ly pä­him­le­riň üs­ti bi­len giň­den beýan edil­ýär. Maş­ga­la­nyň ru­hy da­ýan­jy we mä­hir çeş­me­si bo­lan eziz ene­le­re ba­gyş­la­nan bu ki­tap­da­ky: «Ene» diýme­giň özi äh­li go­wy zat­la­ry aň­lad­ýandyr. Şon­da di­ňe «söý­gi» di­ýen dü­şün­je bär­den gaýd­ýar. Ene bi­ziň üçin äh­li gowy zat­la­ryň, yn­san­ly­ga mah­sus asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň je­mi­ni aň­lad­ýar. Şo­nuň üçin hem ene iň mäh­ri­ban we mu­kaddes yn­san­dyr» di­ýen jöw­her jüm­le­le­ri oka­nyň­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­kyň gö­wün gü­ze­rin­den inip, ýü­rek se­si­ni duý­ýan­dy­gy­na we ony dür­dä­ne eser­le­rin­de aý­dyň şöh­le­len­dir­ýän­di­gine do­ly göz ýe­tir­ýär­siň.

Mäh­ri­ban ene­le­riň maş­ga­la mukad­des­li­gi­ni go­ra­ma­ga gö­nük­dir­ýän yh­la­sy, ogul-gyz­la­ry­na ber­ýän edepter­bi­ýe­si her bir türk­men maş­ga­lasyn­da ýa­kyn hos­sar­lar bi­len bir­lik­de, il-hal­ka, ata Wa­ta­na, ene top­ra­ga go­ýul­ýan hor­ma­tyň du­ry çeş­me­si bolup dur­ýar. Şu­la­ry na­za­ra alyp, bi­ziň äh­li­miz gel­jek­de her­si bir maş­ga­la oja­gy­nyň öý bi­ke­le­ri bol­jak gyz perzent­le­ri­mi­zi mil­li ýol-ýö­rel­ge­le­riň ug­ry bi­len, bi­lim-ter­bi­ýe­li, edep-ek­ram­ly, eli çe­per gö­zel­ler edip ke­ma­la ge­tirmä­ge borç­lu­dy­rys.

Türk­men hal­ky ge­lin-gyz­la­ry­ny ýü­zü­niň tu­wa­gy, na­mys tu­gy hasap­la­ýar. Gyz maş­ga­la eje­sin­den, ene-ma­ma­syn­dan, gel­ne­je­si­dir uly do­gan­la­ryn­dan öw­ren­ýän iş, durmuş tej­ri­be­le­ri­ni we al­ýan öwüt-ündew­le­ri­ni dur­muş çel­gi­si­ne öwür­ýär. Mis­li tä­ze na­ha­ly haý­sy ta­ra­pa ugruk­dyr­saň, şol ug­ra gö­nü­gip ösü­şi ýa­ly, ça­ga­nyň baş­ky ter­bi­ýe­si­dir alan gö­rel­de­si hem onuň edep-ek­ra­mynda şöh­le­len­ýär. Şo­nuň üçin eziz käbe­le­ri­miz gyz per­zent­le­ri­ne ki­çi­lik­den baş­lap, akyl-paý­has­ly­lyk bi­len bir­likde edep ka­da­la­ry­ny, öý-ho­ja­lyk iş­le­rini, ti­kin-ça­tyn iş­le­ri­ni öw­red­ýär.

Türk­men ze­nan­la­ry­nyň el iş­le­ri olaryň gö­zel­lik dün­ýä­si­niň bir ül­şi bol­ma­ly. Ze­nan zäh­me­tin­de dur­muş sa­pak­la­ry, gö­zel­li­ge bo­lan söý­gi, ha­lal zäh­me­te bo­lan çuň­ňur ga­ra­ýyş jem­len­ýär. Gyz maş­ga­la hem ýaş­lyk­dan öý-ho­ja­lyk iş­le­ri­ne wer­ziş bol­sa, dur­muş ýo­lu­ny ez­ber kül­ter­le­ýär. Eli iş­li, gaý­rat­ly, giň dü­şün­je­li gyz­lar bir maş­ga­la­nyň gel­ni bo­lan döw­rün­den baş­lap, ga­ýy­ne­nesi, el­ti­dir bal­dyz­la­ry bi­len go­wy ys­nyşýar, maş­ga­la ag­zy­bir­li­gi­ne berk sö­ýe bol­ma­gy ba­şar­ýar. Şeý­le bo­lan­soň hal­ky­myz ga­dym­dan bä­ri ça­ga ter­biýe­si­ne aý­ra­tyn üns be­rip gel­ýär. Mu­ny gü­neş­li ül­kä­mi­ze sy­ýa­hat eden wenger aly­my Ar­mi­niý Wam­be­ri öz ýazgy­la­ryn­da şeý­le be­ýan edip­dir: «Men ça­ga­la­ryň, ylaý­ta-da gyz­la­ryň ýaş­lykdan ha­ly do­ka­mak, ke­çe bas­mak ýaly iş­le­re wer­ziş bol­ýa­ny­ny syn­la­dym... Ýaş gyz­ja­gaz­lar ça­ga­ly­gy­na ga­ra­mazdan, syn­ny­ny, ke­se­ri el­le­rin­de ga­ýym tut­ma­gy öw­re­nip­dir­ler. Olar öz iş­le­ri­ne dur­ky bi­len ber­lip­dir. Ola­ryň el­le­ri­niň gud­ra­ty bi­len sun­gat eser­le­ri dün­ýä inýär». Bu söz­ler ene-ma­ma­la­ry­my­zyň mil­li ter­bi­ýe­çi­lik ýo­lu­nyň, ba­ryp, ir­ki döwür­ler­den dün­ýä ta­ry­hy­na gi­ren­di­gi­ne gü­wä geç­ýär.

Ha­wa, ene­ler ýyl­gyr­sa, dün­ýä ýylgyr­ýar. Ene — dün­ýä­niň gör­ki, durmu­şy­my­zyň be­ze­gi, döw­let­li ojakla­ry­my­zyň di­re­gi. Her bir yn­sa­nyň öm­ri, il­kin­ji no­bat­da eziz ene­si bi­len ba­daş­ýar. Ja­nyn­dan jan be­ren ba­lasy­ny ýag­ty dün­ýä in­di­ren, ak süý­di hem şi­rin hüw­dü­si bi­len mä­hir guja­gyn­da ýe­tiş­dir­ýän ene­le­ri­miz mukad­des­dir. Ola­ra bo­lan söý­gi ýü­rekden­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tagzym» at­ly aja­ýyp ki­ta­by ýaş­la­ryň ene ga­dy­ry­ny bi­lip, ene söý­gü­si­ne ýü­regi­niň tö­rün­den orun ber­me­gi üçin uly mek­dep­dir. Şeý­le aja­ýyp ki­tap­la­ry peş­geş be­rip, hal­kyň, aý­ra­tyn hem ýaş ne­sil­le­riň ýü­re­gin­de mäh­ri­ban kä­be­le­ri­mi­ze, ata Wa­ta­na, ene topra­ga, umu­man, ýa­şaý­şyň ma­nysy­na uly söý­gi dö­red­ýän hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş aýd­ýarys. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da, eziz kä­be­le­ri­miz bag­tyýar, mu­kad­des öý-ojak­la­ry­myz asuda hem aba­dan bol­sun!

 

Gurbansoltan ANNAÝEWA, Sarahs etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ahal durmuşy gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm