2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

BAGTYÝAR ZENANLARYŇ BUÝSANJY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda maslahat geçirilip, ol uly ruhubelentlige beslendi. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň wekilleri, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletimizi ähli ugurlarda ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiz: «Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Hut maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr» diýmek bilen, mukaddes hasaplanylýan maşgala, maşgala ojagynyň söýesi bolan enelerimize jemgyýetimizde uly ornuň degişlidigini nygtaýar.

Zenanlarymyzyň halal zähmet çekmekleri, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekleri, saýlap alan hünärleri boýunça işlemekleri, hökümet düzümlerinde we saýlawly ugurlarda işjeň zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin döredilýän şertler Diýarymyzda zenan mertebesiniň belentdedigine doly şaýatlyk edýär.

Belent hormat-sarpanyň eýeleri bolan zenanlarymyz bagtyýarlyk döwrümizde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Mukaddes ojaklarynda nesil terbiýesine uly üns berýän, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerimize her ýyl «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, işjeň zenanlara «Zenan kalby» ordeniniň berilmegi zenan mertebesini has-da beýgeldýär. Şeýle bolansoň, zenanlaryň mähriban Arkadagymyza bolan alkyşlary dilleriniň senasyna öwrüldi. Bagtdan paýly zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň özlerine bildirýän ynamyna mynasyp zähmetleri bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şular barada giňişleýin durlup geçildi, täze, 2022-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça teklipler aýdyldy. Zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary barada yzygiderli alada edýän eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, beýik maksatly tutumlarynyň barha rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Maslahatyň ahyrynda el işleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisine syn edildi. Şeýle maslahatlar Balkanabat, Serdar şäherlerinde, Bereket, Etrek, Magtymguly etraplarynda hem geçirildi.

 

Nursoltan Dep­biýewa. Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».

Balkan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm