2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

DÖWRÜŇ DÖREDIJILIK RUHY

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýatymyzyň etraplarynda hemde Tejen şäherinde maslahatlar geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda ähli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işleriň ähmiýetini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny ilata düşündirmek, şeýle-de ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksadyndan ugur alnyp geçirilen maslahatlar işjeňligi bilen tapawutlandy.

Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata Kärdeşler arkalaşyklarynyň hemde Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary, Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Onda baý many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewanyň çykyşy ünsli diňlendi. Onuň çykyşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, berkarar Watanymyzyň gülläp ösüşine, raýatlaryň eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlarda ýetilýän belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri ilata düşündirmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň öňünde durýan wezipelere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işler ähli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanmaga, belent sepgitlere ýetmäge, döwrebap bilim almaga, netijeli işlemäge we döretmäge giň şertleri döredýär. Bu gün zenanlaryň hukuklarynydyr bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak babatynda hem guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi jemgyýetimizde maşgala gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyzda bolup geçýän ajaýyp wakalar, ýylyň şygary astynda guralýan baý many-mazmunly çäreler dogrusynda aýdylanlar hem täsirli boldy. Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy N.Otuzowyň, Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty M.Öräýewiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ak bugdaý etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary O.Allamyradowanyň, «Änewgallaönümleri» kärhanasynyň bölüm müdiri, A.Sadykowanyň, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi A.Annamyradowyň, Änew şäheriniň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi K.Dostjanowanyň çykyşlary hem ösüş-özgertmelere beslenýän döwrümize şan goşýan taryhy wakalaryň ähmiýeti, milli gymmatlyklara goýulýan sarpa dogrusynda boldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ähli ugurlarda ýetilýän sepgitler, milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýan taryhy işler hakda aýdylanlar giň goldawa eýe boldy. Maslahatda öňde duran işler boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

Ahal durmuşy gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm