2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

BEÝIK IŞLERE BUÝSANÇ

Golaýda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen Kararlaryň we çözgütleriň many-mazmunyny, ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Parahat ýaşaýyş toplumynyň, Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň Medeniýet öýlerinde, Aşgabat gurluşyk orta hünärment mekdebinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda maslahatlar geçirildi. Maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, saglygy goraýyş ulgamynyň, dokma toplumynyň «Abadanhaly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Älem» medenidynç alyş merkeziniň, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ähli ugurlarda gazanan şöhratly ösüşleri, beýik başlangyçlary, ýeten belent sepgitleri, uly üstünlikleri bilen, özüniň täze taryhyny ýazýandygy nygtalyp geçildi. Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda halkymyzyň bagtyýar geljegini gurup, asudalygyň, abadanlygyň, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy bellenildi. Şeýle hem, maslahatlarda ata-babalarymyzyň miras galdyran ýol-ýörelgesine, däp-dessurlaryna, milli mirasyna sarpa goýmak barada aýratyn nygtaldy.

Maslahatlara gatnaşanlar ata Watanymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Dursun HOJATOWA, «Aşgabat».

Aşgabat gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm