2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

EDEP BERGIDIR...

Golaýda Mary şäher zenanlar bölüminiň guramagynda Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginde “Edep bergidir, bermedige görgüdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzalary welaýat merkezimiziň edara-kärhanalarynyň wekilleri hem-de “Ýeňiş” tikin fabriginiň gyz-gelinleri işjeň gatnaşdylar.

— Ata-babalarymyzyň berk maşgala döretmegiň sungaty barada “Ýagşy ataň, ýagşy enäň gymmaty” diýmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Ýaş neslimiziň, gyz-gelinlerimiziň il-ulusyň içinde abraýly, döwletli maşgala bolmagy uly bagt. Dünýäniň gelşigi, bezegi zenanlardyr. Zenan diýmeklik owadanlyk, gözellik diýmekdir. Zenan ak ýürekli we dogruçyl bolmakdyr. Türkmen aýal-gyzlary taryhdan belli bolşy ýaly, her dürli kynçylykly döwürlerde-de özleriniň mertebelerini saklapdyrlar. Olar päk zähmet çekip eklenipdirler. Biziň ata-babalarymyzyň aýtmadyk paýhasly sözi ýok. Şonuň üçinem maşgala abadançylygyny we nesil bagtyýarlygynyň binýadyny berk saklalyň mähriban gyz-gelinler — diýip, şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher bölüminiň başlygy Bahar Torumowa çykyşynda nygtady. Soňra TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýewiň, “Ýeňiş” tikin fabriginiň direktory Kamar Atadurdyýewiň çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda “Ýeňiş” tikin fabriginiň önümlerinden guralan sergä tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Ogulşat BERKELIÝEWA. “Maru — şahu jahan”. SURATDA: wagyz-nesihat çäresinden pursat.

Surata düşüren Şamyrat AMADOW.

Maru-şahu jahan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm