2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

MILLI DÄP-DESSURLARYMYZ ÜNDELDI

Kaka etrabynda gelin-gyzlaryň arasynda maşgala gymmatlyklaryny, ahlak ýörelgelerini gorap saklamak, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda ähmiýetli bolan täsirli wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de etrabyň Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirildi. Oňa etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda zähmet çekýän zenanlar, şeýle hem mährem eneler gatnaşdy.

Duşuşykda täze taryhy döwrümizde milli däp-dessurlarymyza uly ähmiýetiň berilýändigi barada aýdylyp, ol ýere ýygnanan gelin-gyzlara ene-mamalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelere eýermek bilen bagly degerli maslahatlar berildi. Milli el işleriniň aýratynlyklary we olaryň taryhy gelip çykyşy dogrusyndaky aýdylanlar ünsi çekiji boldy. Onuň barşynda maşgala mukaddesligi barada hem täsirli gürrüň edilip, ýaş gelin-gyzlary bezeýän oňat häsiýetler, päk ahlaklylyk, nesil terbiýesi, agraslyk bilen bagly öwütündewler aýdyldy. Duşuşygyň barşynda täze, 2022-nji ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak boýunça teklipler hem aýdyldy.

Etrabyň Medeniýet bölüminiň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan sungat çykyşlary duşuşyga gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Joşgunly çykyşlarda ata Watanymyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işler, milli ýörelgelerimiz buýsançly waspyny tapdy.

 

Jen­net ATA­ÝE­WA, Ka­ka et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy­nyň ki­tap­ha­na­çy­sy, Ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­sy.

Ahal durmuşy gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm