2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Golaýda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala mukaddesligini berkitmek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, «Maşgala gymmatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäher we etrap zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çärede mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa dagy çykyş etdiler.

Maşgala terbiýesiniň möhüm bölegi ata-enäniň çagalaryna bolan söýgüsinden başlanýar. Çaga jemgyýetiň, döwletiň we maşgalanyň gymmatly baýlygydyr. ªonuň üçin her bir türkmen maşgalasy nesil terbiýesine aýratyn üns bilen çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy onda kemala gelen hem-de terbiýelenen çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, ene-atasyna we beýleki daş-töweregindäkilere edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär. Çaganyň özüni alyp barşy, ilki bilen, maşgalada berilýän terbiýä bagly bolup durýar. Maşgalada gyz perzendiň zähmet terbiýesine ejesiniň terbiýeçilik täsiri güýçli bolsa, oglanlaryň zähmete höwesjeň bolmagynda kakanyň hem-de özünden uly agalarynyň täsiri uly bolupdyr. Çykyş edenler şular dogrusynda gürrüň edip, ata-eneleriň maşgala terbiýesinde säwliklere ýol bermeli däldigi, şeýle hem olaryň mekdep mugallymlary bilen ýygy aragatnaşykda bolmalydygy barada nygtadylar. Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakda öňde durýan wezipeler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşy ugrunda irginsiz aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Lälezar BAÝLYÝEWA, «Daşoguz habarlary».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm