2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Tükmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň we zenanlar guramasynyň dürli pudaklarda zähmet çekýän agzalary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň eşretli ýaşaýşy ugrunda amala aşyrýan işleriniň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlara eýerip, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, şanly seneleri we baýramçylyklary mynasyp garşylamak barada bellenilip geçildi.

Çuňňur many-mazmuna beslenen çykyşlarda Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

 

Döwletnazar BABANAZAROW, TKA-nyň Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Watan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm