2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

EDEP-TERBIÝE ÜNDELDI

Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde etrap zenanlar bölüminiň guramagynda «Gelin-gyzlaryň arassa ahlaklylygy, maşgala terbiýesi we sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalaryndaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarydyr işjeň agzalary we mährem eneler gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkiminiň orunbasary, TZB-niň etrap bölüminiň başlygy Akgözel Myradowa, etrap häkimliginiň baş hünärmeni Ogulsenem Garýagdyýewa, etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Aknabat Atabaýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Tylla Atageldiýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly ýurdumyzda zenanlar babatda durmuşa geçirilýän işler, arassaçylyk düzgünleri, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgesi dogrusynda gürrüň edildi.

***

Mary etrap medeniýet öýünde geçirilen wagyz-nesihat çäresi zenanlar durmuşy bilen baglanyşykly boldy. «Edebim — mertebäm» diýlip atlandyrylan bu wagyz-nesihat çäresi etrap zenanlar bölümi tarapyndan guralyp, oňa ilkinji zenanlar guramasynyň başlyklarydyr işjeň agzalary gatnaşdylar. Çäräni TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa alyp bardy.

Bu ýerde etrap häkiminiň orunbasary, TZB-niň etrap bölüminiň başlygy Bibigözel Durdykowa, etrabyň Babasary geňeşliginiň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulgözel Jumanyýazowa, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa, etrap hassahanasynyň lukmany Gözel Baýmuhammedowa çykyş etdiler.

Çykyş edenler köpçülik ýerlerinde özüňi göreldeli alyp barmak, maşgalada çaga terbiýesine üns bermek, dürli ýokanç kesellerden goranmak, lukmanlaryň maslahatlaryna eýermek, kadaly iýmitlenmek barada giňişleýin durup geçdiler.

 

Bahargül MEJIDOWA. «Maru şahu jahan», TZB-niň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm