2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

KEŞDEÇILIK SUNGATY — GYMMATLY MIRAS

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde el işleriniň sergisi hem guraldy

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da türk­men milli keş­de­çi­lik sun­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek bi­len bag­ly çy­kyş­la­ra giň orun be­ril­di. Çy­kyş eden­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­menis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, halk ýa­zy­jy­sy Gö­zel Şa­gu­ly­ýe­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýunça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry Çy­nar Rus­te­mo­wa, Türk­me­nista­nyň halk ar­tis­ti Je­mal Sa­pa­ro­wa, te­le­ke­çi ze­nan Oraz­gül Eýe­ber­di­ýe­wa hem bar.

Hal­ky­myz­da sün­nä­le­nip edi­len iş hakyn­da «Edil keş­de çe­ken ýa­ly» di­ýen jümle ula­nyl­ýar. Di­ňe şu­nuň özi-de keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň nä­de­re­je­de in­çe hem ne­pis­digi­ni, ge­lin-gyz­lar­dan uly us­sat­ly­gy ta­lap edýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry Çy­nar Rus­te­mo­wa mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da bu ba­ra­da, ine, şeý­le diý­di:

Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­niň keş­de­çilik sun­ga­ty» at­ly hö­dür­na­ma ÝU­NES­KO-nyň Sek­re­ta­ria­ty­na tab­şy­ryl­dy. Şu bo­ýun­ça gel­jek, 2022-nji ýyl­da de­giş­li çöz­gü­diň ka­bul edil­megi­ne ga­ra­şyl­ýar. El­bet­de, göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­me­niň keşde­çi­lik sun­ga­ty­nyň gel­jek­de ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sana­wy­na gi­ri­zil­me­gi bu se­ne­diň dün­ýä halk­lary­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň bir bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi­ni üp­jün eder. Mu­nuň özi hal­ka­ra me­de­ni gat­naşyk­la­ryň has-da ber­ke­me­gi­ne hem ýol açar.

— Keş­de­çi­lik sun­ga­ty­myz Ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze­den gül­le­ýär. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ba­har paslyn­da­ky gör­kü­ne ça­lym ed­ýän bu mil­li se­net ze­nan­la­ry­my­zyň asyl­ly hä­si­ýet­le­ri­ni, ze­hi­ni­ni gör­kez­ýär. Şu ýy­lyň 18-nji ma­ýyn­da Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň kä­be­si Ogu­la­bat ejäniň sün­nä­läp be­je­ren kür­te­si­niň Türk­me­nista­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­ne tab­şyr­ylma­gy hem­mä­mi­zi tolgun­dy­ran aja­ýyp wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Bi­ziň äh­li­miz üçin gö­rel­de bo­lan mäh­rem enä­niň be­je­ren kür­te­si türk­men ze­nan­la­ry üçin nusga­lyk­dyr, oňa Ogu­la­bat ejä­niň nä­zik ýü­re­giniň owa­dan dün­ýä söý­gü­si, eg­sil­mez mäh­ri siň­di­ri­lip­dir.

Bi­ziň «Dok­ma­çy­lar» folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa to­pa­ry­myz şol bir wagt­da mil­li keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň öz­bo­luş­ly wa­gyz­çy­la­ry bo­lup hem çy­kyş ed­ýär. Dün­ýä döw­let­le­rin­de çykyş ede­ni­miz­de, mil­li ly­bas­la­ry­myz­da­ky keş­de­le­ri­miz hem­me­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Şeý­le aja­ýyp se­ne­di has-da ös­dür­mek­de dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýa­rys — di­ýip, gör­nük­li sun­gat us­sa­dy Je­mal Sa­pa­ro­wa öz çy­ky­şyn­da bel­le­di.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy Gur­ban­gö­zel Aman­my­ra­do­wa, öz ge­ze­gin­de, keş­de­çi­li­gi he­niz ýaş gyz­ja­gaz wag­tyn­dan özü­ne kesp edi­nen­di­gi­ni, ony eje­sin­den, ýeň­ňe­le­rin­den öw­re­nen­di­gi­ni, in­di bol­sa öz gyz­la­ry­na, ge­lin­le­ri­ne öw­red­ýän­digi­ni gür­rüň ber­di. Keş­de­çi ze­na­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, keş­de sun­ga­ty — kö­ňül ýaý­la­sy. Türkmen ze­nan­la­ry­na mah­sus bo­lan nä­zik­lik, mä­hir­li­lik, gö­zel­lik, asyl­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­riň äh­li­si bu sun­gat­da-da jem­le­nen. Ony ze­nan kür­te­le­rin­de, tah­ýa­lar­da, mil­li ly­bas­la­ry­myz­da ýa­kyn­dan syn­la­mak bol­ýar. El iş­le­ri­niň zy­na­ty mä­hir­dir. Şo­nuň üçin olar ýyl­lar geç­se-de, könel­män, gaý­ta, bar­ha lo­wur­dap şöh­le saç­ýar.

Mas­la­hat­da çy­kyş eden­le­riň äh­li­si Gah­rymanAr­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­jesin­de ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak, wa­gyz et­mek we ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek ug­run­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni buý­sanç bilen nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ýur­du­myz­da bu mas­la­hat bi­len ady­bir bäs­le­şik hem yg­lan edil­di. Onuň et­rap, Aş­ga­bat şä­her, we­la­ýat tap­gyr­la­ry­ny gel­jek ýy­lyň ýan­war-few­ral, jem­leý­ji tap­gy­ry­ny bol­sa mart aýyn­da ge­çirmek göz öňün­de tu­tul­ýar.

 

Aýjemal OMAROWA. «Türkmenistan».

Su­ra­ta dü­şü­ren Ila­man ÇÜ­RI­ÝEW.

Türkmenistan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm