2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

“TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY - MILLI MIRASYMYZ” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde gurnamaklarynda “Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz” atly maslahaty
geçirildi

Şu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe,radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr- Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri Klyçewa alyp bardy.

Geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M. Mämmedowa, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr A. Şagulyýewa, Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç. Rüstemowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A. Durdyýewa, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Türkmenistanyň halk artisty A. Nurmuhammedowa, telekeçi O. Eýeberdiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Toýlyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby H.Kuliýewa dagylar gatnaşyp, milli mirasymyz bolan keşdeler barada giňişleýin çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm