2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Arkadagly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly dabaraly duşuşygy geçirildi
Şu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr:Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Bagtyýarlyk ýoly” bölüminiň bölüm müdiri A.Annaýewa alyp bardy.
Geçirilen dabaraly duşuşykda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiň mudiri G.Öräýewa,”Bereketli toprak” gazetiniň jogapkär kätibi A.Ataýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmenmilli dünýä diller institutynyň mugallymy A.Babaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň Kitap hazynahana bölüminiň müdiri D.Saparbaýewa, Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany A.Allaberenowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzlarynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleri barada giňişleýin çykyş etdiler. Dabarada dowamynda işjeň zenanlar gymmat bahaly sowgatlar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň tarapyndan sylaglanyldy.
Ýörite habarçymyz.