2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY TÄZE, 2022-NJI ÝYLA ŞUGLASYNY SAÇÝAR

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy.

Beýikligi 38,5 metr, göwrümi 16 metr bolan, depesinde ýiti yşyklar bilen “2022” belgini aňladýan sekizburç ýyldyz oturdylan arçanyň ýanynda guralan dabara dürli öwüşginli çyralar we owadan serişdeler bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýadyňa salýar.

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň we ýetip gelýän 2022-nji ýylyň nyşanlary, älemgoşar öwüşginli serişdeler, halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri hem-de baýramçylyk bezegleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde birnäçe kiçiräk arçalar ýerleşdirilen meýdançada çagalar üçin örän gyzykly we täsin şekiller hemmelerde ýakymly täsir galdyrýar.

Körpeler meýdançanyň gözelligine haýran galyp, söýgüli ertekileriniň gahrymanlary bilen duşuşyp, täsinlikler dünýäsiniň ýatda galyjy pursatlaryny başdan geçirýärler. Bu ýerde ýaňlanýan joşgunly sazlar hemmeleriň ruhuny belende göterýär.

Meýdançanyň daş-töweregini gurşap alýan baglar we gyrymsy ösümlikler dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna Täze ýyl baýramyna mahsus özboluşly görnüşi döredýär.

Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar okuwyna ökdeler, ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenýän nesillerdir.

Baş arçanyň ýanyna ýygnanan çagalar Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýere köp sanly myhmanlar, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we beýlekiler ýygnandylar.

Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ýerde ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini we çagalaryň ruhubelentligini artdyrdy hem-de ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Milli Liderimiziň her ýyl Baş arçanyň ýanynda guralýan dabara gatnaşmak üçin wagt tapýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen duşuşanda, olar bilen söhbetdeş bolýar we körpe nesilleriň isleg-arzuwlary bilen gyzyklanýar. Milli Liderimiziň ösüp gelýän ýaş nesiller bilen bolýan duşuşyklarynda mähriban Watanymyzyň geljegi hakyndaky gürrüňe möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada saklanýar. Bagtyýar çagalar hormatly Prezidentimizi uly dabara, goşgy setirleri we joşgunly tanslary bilen garşyladylar.

Bu ýerde Täze ýyl mynasybetli joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar. Milli Liderimiz bagtyýar çagalar bilen bilelikde dürli şarlar, köp sanly älemgoşar yşyklary bilen bezelen Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Arçanyň töwereginde içi sowgatly sandyklar, horjunlar goýlupdyr.

Aýazbaba we Garpamyk türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçjek täze, 2022-nji ýyl bilen gutladylar. Olar ýaş nesilleriň abadançylygy, saglygy, ruhy taýdan ösüşi, zehiniňi we ukybyňy ýüze çykarmak, dünýä ölçeglerine kybap gelýän hemmetaraplaýyn bilim almak ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz ýaş artistleriň, sazandalaryň we tansçylaryň joşgunly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine bardy. Bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly we joşgunly tansly çykyşlara orun berildi.

Özboluşly lybaslarda çykyş edýänleriň türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryna syn etdi. Biziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini we ukybyny ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Eziz Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller özleriniň döredijilik we aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Türkmen ýaşlary ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, güneşli ülkämize mynasyp wekilçilik edýärler.

...Soňra 2021-nji ýylyň nyşany bolan gölejigiň lybasyndaky hem-de 2022-nji ýylyň nyşany gelşikli barsyň lybasyndaky ýaşajyk artistler döwlet Baştutanymyzdan Täze ýyl arçasynyň daşynda guralýan dabara çagalar bilen bilelikde gatnaşmagyny haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini hem-de ajaýyp dessurlaryň dowamatyny aňladýan asylly ýörelgelere goşulyp, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Milli Liderimiz çagalaryň hem-de hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň şatlyk-şowhunyna goşulyp, nesilleriň bagtyýarlygyna guwandy. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy hem-de watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladanyň Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aňladýar.

Soňra bu ýerde guralýan dabara gatnaşýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Bu görnüşler ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýan bagtyýar ýaşlaryň begenjini, şatlygyny has-da belende göterdi. Şeýle hem çagalaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz çagalara Täze ýylda bagt, gyşky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmegi, okuwlarynda üstünlik hem-de isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirijiler, hakyky watansöýüjiler boljakdyklaryna we döwletimiziň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşýanlara joşgunly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, sungatyň üsti bilen öz ukyplaryny açyp görkezmeklerini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýene bir baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýokary derejede enjamlaşdyrylan zalda belent başly arça oturdyldy. Onuň töwereginde baýramçylygyň baş gahrymanlary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşajyk raýatlary we myhmanlary ýygnandylar. Folklor hem-de tans toparlary, baýramçylyk lybasyny geýnen teatr we sirk artistleri belent ruha beslenen çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Ertekileriň gahrymanlary hem-de Aýazbaba bilen Garpamyk bagtyýar çagalary mähirli garşylap, ruhy güýji hem-de batyrlygy alamatlandyrýan Bars ýyly mynasybetli guralan baýramçylyga gatnaşyjylary gutladylar.

Bu ýerde ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleriniň ruhlandyryjysy döwlet Baştutanymyza hemmeleriň adyndan Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdyldy. Şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.

Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Onda ýaşajyk artistler öz zehinlerini görkezdiler. Joşgunly owazlar, halk aýdym-sazlary hem-de estrada çykyşlary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, dabaranyň şüweleňini artdyrdy we hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Galkynyş” tans toparlary, “Mukam” skripkaçylar topary, “Güneş” toparynyň hor aýdymçylary we beýlekiler Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan çykyşlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýeri gelende aýtsak, bu toparlar Diýarymyzda giňden bellidir, olar birnäçe döwlet bäsleşikleriniň we halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileridir. Olaryň baýramçylyk mynasybetli bilelikde taýýarlan maksatnamasyna girizilen dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlary, nusgawy eserler, tans sazlary we halk döredijiliginiň dürli ugurlaryny özünde jemleýän sahna eserleri dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaşajyk tansçylar we aýdymçylar özleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bilen adamlara şatlyk, ruhubelentlik paýladylar.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde halypalardan tälim alýan ýaşajyk artistleriň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly oýunlary bu ýerde guralan dabarany ýatda galyjy pursatlar bilen baýlaşdyrdy.

Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynyň “Ýyldyzlar we ýyldyzjyklar” ady bilen bilelikde guran çykyşlary baýramçylyga saz çemeni hökmündäki özboluşly sowgat boldy.

Ýaşajyk skripkaçylaryň Täze ýyl mynasybetli taýýarlan çykyşlary sahnada döwrebap lybasly ýaşlaryň ajaýyp tanslary bilen utgaşdy. Munuň özi çagalaryň saýlap alan ugruna höwesiniň we ussatlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Aýratyn-da, folklor çykyşlary, halk döredijiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alýan eserler dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi halkymyzyň gadymy tans dessurlarynyň döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýandygyny hem-de döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär etdi. Ýaşajyk artistler joşgunly zehinleri we ukyplary bilen türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny görkezdiler.

Milli medeni mirasyň baýlyklaryny özünde jemleýän, ondan ylham alýan, täze taglymlary özüne siňdirýän türkmen medeniýeti we sungaty dünýä medeni ýörelgeleriniň toplan gymmatlyklaryny sazlaşykly kabul edýär hem-de ähli täzeçil, gyzykly meýiller üçin açykdyr.

...“Hoş geldiň, Täze ýyl, Arkadagly Diýara!” atly joşgunly aýdym baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşyp, dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Hemmeler birek-birege ýagşy arzuwlary aýtdylar.

Belent ruha beslenen aýdym-sazlar halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde ösüşiň täze belentligine çykan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana buýsanjyny alamatlandyrdy.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan körpelere Täze ýyl baýramy mynasybetli süýjülik torty paýlandy. Täze ýyl çäreleriniň ýokary derejede guralmagy ýurdumyzda birek-biregi begendirmek isläp, bir saçagyň başyna ýygnanan ulular we çagalar üçin baýramçylyklary ruhubelent ýagdaýda geçirmegiň uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan 2022-nji ýyly bir bitewi we agzybir maşgala bolup garşylaýar. Goý, täze ýylyň her bir güni nurana umyt-arzuwlaryň amala aşýan, täze üstünlikleriň, beýik işleriň ýylyna öwrülsin! Goý, täze ýylda Watanymyzyň şöhraty has-da belende galsyn!

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/29828/halkyn-arkadagly-zamanasy-taze-2022-nji-yyla-suglasyny-sacyar

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm