2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

HALKYŇ YNAMYNYŇ WE SÖÝGÜSINIŇ GÜWÄSI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýyly uly üstünliklere besleýär. Her ýyl taryhyň täze sahypasyny alamatlandyrmak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar, adamlary belent maksatlara ruhlandyrýar. Şunda ýurdumyzda her ýylyň döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan şygar bilen atlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Ta­mam­la­nyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky degişli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Bu ýylyň adyna laýyk ösüşler, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna aýratyn dabara, giň gerim berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň öňdengörüjiliklidigine we oýlanyşyklydygyna şaýatlyk edýän uly üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýokary derejesini, ilatynyň durmuş abadançylygyny, söwda-ykdysady we diplomatik gatnaşyklarynyň ösüşini şertlendirýän halkara abraýyny görkezmek bolar. Bu gün biz döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändigini, Diýarymyzda ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, ylmy taýdan esaslandyrylan milli maksatnamalaryň iş ýüzünde amal edilýändigini görýäris. Şeýle mysallar barmak büküp sanardan örän köpdür.

Biz Arkadagly zamanamyzyň ösüşlerini her bir ugurda, her bir ädimde görýäris. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýan bu işler Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny berkidýär, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär.

Ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine göz ýetirmek üçin di­ňe şu ýylyň dowamynda bitirilen işlere nazar aýlamak hem ýeterlik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen dürli binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgählerdir ýerasty geçelgeler sanardan kän. Olar toý ruhunda galkynýan mähriban watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgatlary boldy.

Watandaşlarymyz Arkadag Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ähli ugurlarda zähmet ýe­ňişlerini gazanýarlar, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Berkarar döwletimizde gazanylýan ähli ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly we öň­dengörüjilikli syýasaty, irginsiz yhlasy, syýasy erki bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Halkymyzy dünýä tanadan milli Liderimiziň ýol-ýörelgesi ynsanperwerligiň, adam hakyndaky aladanyň belent nusgasyny özünde jemlemek bilen, nesilleriň rowaç hem abadan geljeginiň binýadyny goýýar.

Şu ýylyň oktýabr — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Aşgabat şäher, welaýat, etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher, welaýat, etrap bölümleriniň işgärleriniň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlarda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylary, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenler ýakynlaşyp gelýän täze — 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şondan bäri dürli ulgamlarda geçiren maslahatlarymyzda hem dürli kärdäki, dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň bu döwletli başlangyjy tüýs ýürekden godlaýandyklarynyň şaýady bolduk.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” — bu şygar halkymyzyň milli Liderimize bolan belent söýgüsiniň, göwünleri galkyndyrýan Arkadagly döwrümize buýsanjynyň, eziz Watanymyza beýik hormatynyň, röwşen geljege mizemez ynamynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Munuň özi bagtyýar watandaşlarymyzy täze belentliklere ýetmäge, öň­de duran aýdyň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda toplumlaýyn özgertmeleri netijeli amala aşyrmaga ruhlandyrýar, halkymyzy hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşdirýär.

 

Gahryman Arkadagymyz:

Ajap eýýam, ajap çagym bar,

Ýalkym saçýan şamçyragym bar!

Hak sylamyş Beýik Gerçegin,

Gahryman halkymyz bar!

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym

Türkmenistanym! —

 

diýip, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýar.

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň baş ugruna öwren, bagtyýar şu günümiz hem-de röwşen ertirimiz ugrunda irginsiz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ýaşasyn il-halkynyň gyzgyn söýgüsini gazanan Gahryman Arkadagymyz!

Ýaşasyn halkyň Arkadagly zamanasy!

 

Akjemal DURDYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.

Türkmenistan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm