2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

“ARKADAGLY DIÝARYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY” WE “ARKADAGLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY”

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda  ene – mamalarymyzdan miras galan nepis keşdeçilik sungatyny wagyz etmek we ýaş nesillerimize öwretmek maksady bilen, kürtäniň, tahýanyň,  milli lybaslarymyzyň keşde bilen bezelişi barada “Arkadagly Diýaryň bagtyýar zenanlary” we “Arkadagly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly üme ýazgylary geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde   ene – mamalarymyzdan miras galan nepis keşdeçilik sungatyny wagyz etmek we ýaş nesillerimize öwretmek maksady bilen, kürtäniň, tahýanyň,  milli lybaslarymyzyň keşde bilen bezelişi barada “Arkadagly Diýaryň bagtyýar zenanlary” we “Arkadagly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly üme ýazgylary geçirildi.

Üme ýazgysyna dürli pudaklarda zähmet çekýän, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary gatnaşyp, ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlarynyň haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetirendikleri, her bir el işiniň özboluşly dünýäsiniň bardygy, türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan el işleriniň hersi aýratyn ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çykyşlarda milligi bilen tapawutlanýan medeniýetimiziň, ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzyň, ahlak ýörelgelerimiziň ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýandygy aýratyn bellenildi.

Üme ýazgysyna  gatnaşanlar Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda milliligimize, biz zenanlara goýulýan ägirt uly sarpa üçin köp sag bolsyn aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň  janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ahmiýetli, umumadamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm