2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ARKADAGLY ZAMANADA BAGTYÝAR MAŞGALAM BAR

2022-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýaş gelin-gyzlaryň arasynda 2022-nji, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli «Arkadagly zamanada bagtyýar maşgalam bar» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Mähriban Arkadagymyzyň “Maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr” diýen şygaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýaş gelin-gyzlaryň arasynda 2022-nji, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli «Arkadagly zamanada bagtyýar maşgalam bar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet cekýän ýaş gelin-gyzlarymyz maşgala bagtyýarlygy barada çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň ýaşamaga, döretmäge, işlemäge dörýän şertleri üçin uly hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda milliligimize,  zenanlara goýulýan ägirt uly sarpa üçin köp sag bolsyn aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň  janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ahmiýetli, umumadamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

Surata düşüren awtor.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm