2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY – MILLI MIRASYMYZ

Şeýle buýsançly şygar bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi hem-de onuň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata mährem eneler, şäher we etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, köp çagaly eneler, telekeçi zenanlar, okuw mekdepleriniň işjeň zenan agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Türkmen zenanlarynyň zehin-yhlasyndan dörän keşdeçilik sungatyny has-da dabaralandyrmak hem-de wagyz-nesihat etmek maksadynda geçirilen maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ýurdumyzda milli keşdeçilik sungatyny dünýä derejesinde ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňleri aýtdy. Şeýle hem ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde şeýle buýsançly şygar bilen geçirilen maslahatda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna hödürlenendigi we geljek ýylda bu boýunça degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy baradaky guwandyryjy habaryň aýdylandygyny, onuň türkmen gyz-gelinleriniň hormat-sarpasyny ýene bir gez beýgeldendigini buýsanç bilen nygtady. O.Çerkezowa çykyşynyň dowamynda şu ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagynyň taryhy ýylymyzyň ajaýyp wakasyna öwrülendigini, mährem enäniň bejeren kürtesiniň türkmen zenanlary üçin nusgalykdygyny ýürek arzuwlaryna garyp beýan etdi.

Soňra S.A.Nyýazow adyndaky etrapdan mährem ene Akgül Gölliýewa, welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewa, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasynyň direktory, TZB-niň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň welaýat bölüminiň başlygy Jahan Maşalowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsoltan Saparowa, Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Şasenem Kakyşowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Oguljeren Hudaýnazarowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda milli mirasymyzy, ebedi gymmatlyklarymyzy dowamat-dowam etmekde, maşgala gymmatlygyny gorap saklamakda, ýaş nesilleri gymmatly ýörelgelerimize laýyk terbiýelemekde, türkmen zenanyna mahsus gylyk-häsiýetleri has-da berkitmekde, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmekde keşdeçilik sungatynyň uly ähmiýetiniň bardygy barada buýsançly söhbet edildi.

Maslahatyň dowamy welaýatyň zenan bagşylarynyň, tanymal aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Maslahatyň çäklerinde guralan sergide çeper elli zenanlaryň on barmagynyň hünärinden sünnälenip çykan ajaýyp el işleri görkezildi.

 

 

 «Daşoguz habarlary»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm