2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

INÇE SUNGAT DÜNÝÄ ÇYKÝAR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň hataryny düzen hoş habarlar döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyna ýokary täsirliligi bilen tapawutlandy. «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna hödürlenendigi we täze — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu boýunça degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy baradaky guwandyryjy habar ýurdumyzyň hem-de mähriban zenanlaryň mertebesini ýene bir gez beýgeltdi. Şu mynasybetli ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň şäherdir etraplarynyň zenanlar guramalary tarapyndan «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly şygar bilen dabaraly maslahatlar hem-de onuň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergileri guraldy.

Maslahatlarda çykyş edenler halkymyzyň medeni hem milli mirasynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Türkmeniň keşdeçilik sungatynyň türkmen zenanlarynyň durmuşynda, nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýeti barada nygtaldy hem-de keşdeçiligiň dürli görnüşleriniň döreýiş taryhy barada täsirli gürrüň edildi. Keşdeçilik sungatynyň inçe taraplaryny ýaş gelin-gyzlara öwretmekde hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk görelde bolup durýandygy barada çykyşlarda uly ruhubelentlik bilen beýan edildi. Mähriban enäniň öz baldyzyna tiken gülli kürtesinde bu inçe sungatyň gadymy nusgalarynyň şöhlelenýändigi we ony giňden ýaýmakda ajaýyp nusgadygy ýürek duýgularyna garylyp aýdyldy.

Dabaraly maslahatlarda zenan aýdymçylaryň göwün galkyndyryjy çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde guralan sergilerde gyz-gelinleriň çeper elleriniň önümi bolan milli el işleri ýaýbaňlandyryldy.

 

«Daşoguz habarlary»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm