Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň meýilnamasy esasynda, maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly şygar astynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, medeni gymmatlyklarymyzy sarpalamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan beyik işler, maşgala medeniýetini ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän tutumlar, onuň döwlet derejesinde uly üns-alada bilen gurşalýandygy, milli gymmatlyklarymyzyň, el işleriniň nesil terbiýesindäki orny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi.
Soňra mährem ene, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Eneş Atabaýewa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa, Daşoguz şäher häkimliginiň RÝNÝ bölüminiň müdiri Altyn Bekiýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa, welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Almagül Nazarowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda döwletiň bir ülşi hasaplanýan maşgalanyň goraglylygy, mukaddesligi, maşgalada kämil nesli kemala getirmek, ondaky gatnaşyklar, maşgala gymmatlygyny berkitmek boýunça kabul edilýän kanunçylyk namalary, olaryň talaplary dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Türkmen maşgalasynyň berkligini gorap saklamak ýaly asylly ýörelgäniň öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygy, ony häzirki wagtda döwrebap derejede dowam etdirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerine iş saparlary wagtynda bagtyýar maşgalalaryň arasynda bolup, olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen içgin gyzyklanmagynyň döwletimizde maşgala hormatyň beýany bolup durýandygynyň mysalydygy dogrusynda aýdyldy.
Çykyşlaryň dowamynda döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda beýik üstünlikleriň gazanylan ýyly bolan üstümizdäki ýylyň taryhy wakalary uly buýsanç bilen agzaldy hem-de bagtly günlerimiziň başynda duran hormatly Prezidentimiziň halkymyz bilen baky bitewüligini alamatlandyryp, geljek ýyla «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen buýsançly şygaryň teklip edilmegi, onuň mähriban zenanlaryň hem mährem ýürekleriniň töründen gaýdandygy, buýsançly şygaryň uly umyt-arzuwlar bilen garaşylýan täze ýyla mynasyp ýaraşjakdygy barada uly joşgun bilen gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda öňde durýan wezipeler boýunça pikir alşyldy. Şeýle mazmundaky maslahatlar Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda, Ruhubelent hem Boldumsaz etraplarynyň medeniýet merkezlerinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde, işjeň ýagdaýda geçirildi.
«Daşoguz habarlary»