BEÝIK DEREJÄNIŇ BUÝSANÇLY BEÝANY

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bir-birine sepleşip gelýän şanly seneleri bagtyýar halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň baýramçylyk dabaralarynda hem has aýdyň ýüze çykýar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senäniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi. «Arkadagyň yhlasyndan gülleýär, baky Bitarap Watanym» atly buýsançly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 9-njy çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, »Bagtyýar eýýam«hususy kärhanasynyň direktory, TZB-niň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň welaýat bölüminiň başlygy Jahan Maşalowa, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň welaýat şahamçasynyň işgärler bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Selbi Hojakowa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Şähribossan Öwezowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa, kitaphanaçysy Sapargül Saparowa dagy ýurdumyzyň halkara hukuk derejesi barada täsirli gürrüň etdiler , özara pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesine daýanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasynda amala aşyrylýan beýik işler, Türkmenistanyň sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň syýasy giňişliginde ornuny pugtalandyrmagy, bu beýik hakykatyň dünýä döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasynda mümkin bolýandygy, BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen birnäçe taryhy kararnamalaryň ýurdumyzyň syýasy üstünligidigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän halkara derejeli beýik tutumlarynyň hatarynda gender syýasatyny işjeň alyp barmagynyň türkmen zenanlarynyň durmuşynda täze öwrülişigi we döwrebap özgerişi emele getirendigi buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) mejlisinde 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça Komissiýasyna saýlanylmagynyň hem zenan mertebesini beýgeldýän işleriň döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde işjeň durmuşa geçirilýändiginiň, türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki deňhukuklylygynyň goralýandygynyň tassyknamasy bolup durýandygy barada täsirli söhbetler beýan edildi.

Türkmen Bitaraplygynyň gudraty, onuň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, umumadamzat üçin gymmaty, dünýä döwletlerini we halklaryny parahatçylykly hem abadançylykly ösüşiň maksatlarynda birleşdirmekdäki çuňňur orny dogrusynda çykyşlarda bellenip geçildi. Döwlet durmuşynda baky Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň mazmunyny baýlaşdyran taryhy ähmiýeti barasyndaky gürrüňler çykyşlardan eriş-argaç bolup geçdi. Şonuň ýaly-da, türkmen halkynyň we umumadamzadyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm