2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MAŞGALA MUKADDESLIGI WAGYZ EDILDI

Toýlaryň toýlara ulaşýan häzirki ajaýyp günlerinde döwletiň bir ülşi hasaplanýan maşgala mukaddesligi barada geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary şanly pursatlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» ady bilen guralýan şeýle çärelere welaýatyň sebitleriniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar işjeň gatnaşýarlar. Golaýda şeýle şygar bilen Gubadag etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen duşuşyk ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Oňa mährem eneler, durmuş tejribesi ýetik zenanlar, ýaş gyz-gelinler gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala mukaddesligini gorap saklamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler dogrusynda buýsançly belledi. Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda tutumly işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýändigi, maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynyň berkidilýändigi, ýaş maşgalalary goldamagyň döwlet tarapyndan berk üns merkezine alynýandygy, maşgalada zenanlara aýratyn hormat goýulýandygy, olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillendirilýändigi barada nygtap geçdi.

Soňra mährem ene Arzygül Ilýasowa, welaýat Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aýna Taganowa, etrap hassahanasynyň maşgala lukmany Sona Annaýewa, etrap häkimliginiň RÝNÝ bölüminiň müdiri Jeren Çaryýewa, etrabyň Çowdur geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Gülsere Barlyýewa, etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Şasenem Kakyşowa dagynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, maşgala medeniýetini ösdürmek ýaly asylly işleriň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgedigi, onuň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem giňden rowaçlandyrylýandygy uly buýsanç bilen aýdyldy. Maşgala gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ýörelgeler, ýagny maşgalada ene-atanyň, gaýyn-gelniň, ýeňňe-baldyzyň, maşgalalaryň goňşy maşgalalar bilen arasyndaky özara gatnaşyklar, maşgala medeniýetine degişli gymmatlyklar, maşgalanyň daş-töwerege täsiri, görüm-görelde, edep-terbiýe, nesil terbiýesi, maşgala bilen jemgyýetiň sazlaşygy barada täsirli söhbet edildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň zenanlar barada döwlet derejesinde edýän taýsyz aladalaryna jogap hökmünde, maşgala mukaddesligini gorap saklamaga degişli tutumly işleriň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk hem mynasyp goşant goşjakdyklaryny nygtap geçdiler. Maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge degişli işleri işjeň durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maşgala gymmatlygyny ähli zatdan ýokarda goýýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Şeýle mazmundaky maslahatlar welaýatyň Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň medeniýet merkezlerinde, Köneürgenç etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçirildi. Duşuşyklaryň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

 

«Daşoguz habarlary»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm