2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ÇEPERLIGIŇ HEM IŞJEŇLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gelin-gyzlarymyzyň abraýy, mertebäni naýbaşy barlyk hasaplap, nesillerden-nesillere ýol-ýörelge edip görkezmegi türkmeniň milliligini has-da artdyrýar. Olar özleriniň gaýtalanmajak sungata öwrülen el işleriniň üsti bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, asylly ýörelgelerini yzygider dowam etdirýärler. Muny zenanlaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.

Şol gün toý dabaralary merkezi zenanlaryň mährem dünýäsine laýyk bezeg aýratynlygyna eýe boldy. Milli el işleriniň, ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten gymmatlyklarynyň gadymy nusgalarynyň rejeli ýerleşdirilmegi bäsleşigiň mazmuny bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Ýazyň ajaýyp pursatlaryna çalymdaş görnüşler bu ýerde göwün galkyndyryjy ýagdaýy döretdi. Munuň özi çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini açyp görkezdi.

Türkmen gözelleriniň durmuşa taýýarlygyny kämilleşdirmek, gözelligi el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksadynda geçirilen bäsleşik gyzlaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, ukyplaryny, ünslüligini äşgär etdi. Bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda bäsdeş gyzlar sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edişleri, maşgala gymmatlygyna sarpasy, maşgala agzalary üçin ertirlik taýýarlaýyşlary, boş wagtlary ýerine ýetirýän işleri dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

Soňra berlen wagtyň dowamynda milli mirasymyza öwrülen keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, jähek, aldymgaç çalmak, alaja işmek, örmek ýaly ýerine ýetiren el işlerini hödürlediler.

Şonuň ýaly-da, bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunyny, Arkadagly zamanamyzyň ilkinji günlerinden badalga alan belent ösüşleri özleriniň döredijilik ukyplary bilen aýdymlaryň, läleleriň, şygyrlaryň, gazallaryň üsti bilen buýsançly beýan etdiler. Ruhubelentlikde, baý many-mazmuna beslenip geçirilen bu bäsleşigiň tutuş dowamynda uz gözelleriň durmuşa taýýarlygy, milli mirasymyza, ýörelgelerimize hormat-sarpasy, döwre gatnaşygy doly açylyp görkezildi. Bir-birinden erjel çykyş edip, has tapawutlanan gyzlar öňe saýlandylar. Netijede, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Merjen Myradowa 1-nji orna mynasyp bolup, şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Gözel Toýlybaýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Oguljeren Hudaýnazarowa dagy degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gunça ARTYKOWA,

«Daşoguz habarlary».

Surata düşüren Bazar TILLAÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm