2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

BÄSLEŞIK ÇEPER ELLILERI ÖŇE ÇYKARDY

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gelin-gyzlarymyzyň abraýy, mertebäni naýbaşy gymmatlyk hasaplap, nesillerden-nesillere ýol-ýörelge edip görkezmegi milliligimiziň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Olar özleriniň gaýtalanmajak sungata öwrülen el işleriniň üsti bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, asylly ýörelgelerini yzygider dowam etdirýärler.

Muny zenanlaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşiginiň Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.  Şol gün toý dabaralary merkezi zenanlaryň mährem dünýäsine laýyk bezeg aýratynlygyna eýe boldy. Milli el işleriniň, ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize ýeten gymmatlyklarynyň gadymy nusgalarynyň rejeli ýerleşdirilmegi bäsleşigiň mazmuny bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Ýazyň ajaýyp pursatlaryna çalymdaş görnüşler bu ýerde göwün galkyndyryjy ýagdaýy döretdi. Munuň özi çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini açyp görkezdi. Türkmen gözelleriniň durmuşa taýýarlygyny kämilleşdirmek, gözelligi el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksadynda geçirilen bäsleşik gyzlaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, ukyplaryny, ünslüligini äşgär etdi.

Bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, bäsdeş gyzlar sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edişleri, maşgala gymmatlygyna sarpasy, maşgala agzalary üçin ertirlik taýýarlaýyşlary, boş wagtlary ýerine ýetirýän işleri dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Soňra berlen wagtyň dowamynda milli mirasymyza öwrülen keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, jähek, aldymgaç çalmak, alaja işmek, örmek ýaly ýerine ýetiren el işlerini hödürlediler. Şonuň ýaly-da, bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunyny, Arkadagly zamanamyzyň ilkinji günlerinden badalga alan belent ösüşleri özleriniň döredijilik ukyplaryna görä, aýdymyň, läleleriň, şygyrlaryň, gazallaryň üsti bilen buýsançly beýan etdiler.

Ruhubelentlikde, baý manymazmuna beslenip geçirilen bu bäsleşigiň tutuş dowamynda uz gözelleriň durmuşa taýýarlygy, milli mirasymyza, ýörelgelerimize hormat-sarpasy, döwre gatnaşygy doly açylyp görkezildi. Bir-birinden erjel çykyş edip, has tapawutlanan gyzlar öňe saýlandylar. Netijede, bäsleşikde ýeňişli orunlara mynasyp bolanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz. 

Daşoguz habarlary gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm