2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

GÖ­REN­LE­RI­­ AŞYK­­ ED­ÝÄN­­ GÖ­ZEL­LIK

Türkmeniň keşdeçilik sungaty ata-babalarymyzdan miras galan milli buýsanjymyzyň biridir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, işine ökde zenanlaryň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär. Keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden biziň günlerimize ýetip, halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolup, ol gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Türkmen zenanlarynyň «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän el işlerini synlanyňda milli mirasymyza bolan guwanjyň goşalanýar.

Bu ajaýyp sungaty ussatlyk bilen ýerine ýetirmek üçin we ondan gözellik döretmek üçin zehin, yhlas gerek, esasan-da, sabyrlylyk gerek. Eger maşgalada gelin-gyz bar bolsa, şol öýde mähir-muhabbetem, gözelligem bardyr. Gyz maşgalanyň edep-terbiýesi, asyllylygy, özüni alyp barşy mähir-muhabbet bilen gurşalsa, arassaçylygy, iş edişi, el hünäri gözellik bilen gurşalýandyr. Häzirki wagtda milli mirasymyza aýratyn uly üns berilýär. Türkmen zenanlarynyň, esasan-da, durmuşa çykýan gyzlaryň milli lybaslary gadymy nagyşlar bilen bezelip, keşdelere täze öwüşgin çaýylýar. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan bejerilýän keşdeler nepisligi hem-de gözelligi bilen her bir ynsany tolgundyrýar. Pederlerimiziň: «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini» diýen parasatly jümlesi bar. Gyz maşgalanyň edep-terbiýesi hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, onuň enesinden alan görüm-göreldesi göz öňünde tutulýar.

Eneden gyza, gaýyndan gelne, ýeňňeden baldyza geçip, gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýän türkmeniň el hünäri her bir zenanyň milli buýsanjydyr. Meniň şu ýerde mamamyň gürrüň beren bir wakasyny ýatlap geçesim gelýär. Ir döwürlerde bir çopanyň ýeke gyzy bolupdyr. Çopanyň aýaly gyzyna öýüň ähli işlerini — arassaçylygy, syrym-süpürimi, bişdüşi, hatda çörek bişirmegi hem öwredip başlapdyr. Çopanyň gyzy bu işleriň ählisini uly höwes bilen öwrenip, birkemsiz ýerine ýetiripdir. Bularyň gyzy ýetişensoň, yzly-yzyna sawçy gelip ugrapdyr. «Sawçy geler müň kişi, alyp gider bir kişi» diýlişi ýaly, nesibeliniň biri çopanyň gyzyny gelin edinip alypdyr. Ol wagtlar täze gelni tikin işleri bilen synar ekenler. Ýaňky çopanyň gyzyna hem ýanly köýnegi biçip, ony tikmelidigini aýdyp, bir kişilik matany eline tutdurypdyrlar. Täze gelin matany eýläk-beýläk ýazyp, näme etjegini bilmän, aljyrapdyr. Eline iňňe-sapak alyp görmedik gelin gaýynenesine tikin-çatyn işinden başy çykmaýandygyny aýdyp, ötünç sorapdyr.

Gaýynenesi muňa hiç hili gaharlanmandyr. Ol täze gelnine şol günden tikin işlerini, el işlerini öwredip ugrapdyr. Şeýlelikde, çopanyň gyzy ökde tikinçi bolup, ady il-güne dolupdyr. Onuň tiken köýneklerine, owadan nagyşlar bilen bejeren ýakalaryna görenler aşyk bolupdyrlar. Bu habary eşiden çopanyň aýaly gyzyna el hünärini öwretmändigine ökünip, bu işlere yhlasly gaýynenä örän minnetdar bolupdyr... Görenleri aşyk edýän türkmeniň gadymy keşdeçilik sungaty gözelligi döredýän örän inçe sungatdyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip bejerilýän keşdäniň, gaýmanyň, basmanyň, köjümäniň we beýleki el işleriniň gözelligine diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, dünýä ýüzüniň halklary hem ýokary baha beripdirler. Häzirki wagtda hem bu ajaýyp sungata uly sarpa goýulýar. El işleriniň içinde keşde iň inçesi hasaplanyp, ol üşükliligi talap edýär.

Gyz-gelinler ýürek arzuwlarydyr on barmagynyň hünäri bilen keşdelere örän köp zähmet siňdirýärler. Basma keşdäniň görküne görk goşýan el işleriniň biridir. Basma, esasanam, begresden tikilen ýeňsizlere, donlara, çabytlara salynýar. Gaýma owadanlygy, inçeligi bilen tapawutlanýar. Ol keşdä garanyňda biraz gataňsy gelýär. Gaýmany öň el işlerine doly ugrugan zenanlar ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Köjüme nagşy ýumşak bolup, aýratyn gözellik döredýär.

Köjüme edýän gyz-gelinler nagyşlary ululy-kiçili köjäp, olaryň arasyna dürli reňkli monjukdyr gaşlary oturdýarlar. El işine ökde gyz-gelinlerimiz hormatly Prezidentimiziň zenanlar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň keşdeçilik sungatyny ýaşlara öwretmekde, olaryň arasynda keşdeleriň taryhy barada wagyz-nesihat etmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýärler.

Bularyň ählisi milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, keşdeçilik sungatymyzyň dünýä derejesinde sarpalanmagyna şert döredýär. Goý, milli mirasymyza uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

 

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».

SURATLARDA: keşdeçilik sungatyndan pursatlar.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

Maru-şahu jahan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm