2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MÄHRIBANLYGYŇ WE IŞJEŇLIGIŇ SAZLAŞYGY

Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn netijeler bilen utgaşdyrmakda alnyp barylýan işleriň esasynda ýurdumyz düýpli özgerýär we abraý-mertebesi has-da beýgelýär. Jemgyýetimizde ata Watanymyzy hil taýdan belent derejä ýetirmek babatda öňde goýlan şeýle asylly maksatly wezipeleriň durmuşa geçirilmegine zenanlar hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tutanýerli zähmetiň beýik nusgasyny görkezýärler. Olaryň döwür bilen gatnaşygy pugtalanýar we täze döredijilikli işlere yhlasdyr höwesleri artýar. Bu babatda zenanlar guramasynyň alyp barýan döwrebap işleri bellemäge mynasypdyr. Bu guramanyň zenanlaryň işjeňliginiň artmagynda, ýaş nesliň kämil ruhda terbiýelenmeginde, arassa ahlaklylygyň, milli ýörelgelerimiziň wagyz edilmeginde, jemgyýetde sazlaşygyň üpjün edilmeginde alyp barýan işleri uly hormata mynasypdyr. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüňleri okyjylara ýetirmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Boldumsaz etrap guramasynyň başlygynyň orunbasary, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Sapargül Rejepowa bilen gürrüňdeş bolduk.

— Zenanlar döwrüň buýsanjy, zenanlar guramasy şol buýsanjy berkidiji diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki biziň häzirki demokratik gymmatlyklara aýawly garalýan ajaýyp döwrümizde zenanlar jemgyýetde deň hukukdan we deň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Olaryň dürli ugurlarda çekýän asylly zähmetlerine ýokary baha berilýär. Olar döwletiň özgertmelere ýugrulan syýasatyny doly goldaýarlar we onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle bolansoň hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen, ýurdumyzda zenanlaryň deňhukuklylygy kanun esasynda üpjün edilýär. Gender syýasatynyň mazmunyny açyp görkezýän işleriň yzygider durmuşa geçirilmegi bolsa zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşyny döwrebap derejede ösdürýär hem özgerdýär. Olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sarpalanmagy, olara berilýän ýeňillikler we goldawlar ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýarlygyny we abadançylygyny şertlendirýär. Bu asylly maksatly işler, belent tutumlar biziň etrabymyzyň eneleriniň, gelin-gyzlarynyň durmuşyna-da eşrepi çaýýar. Etrap zenanlar guramamyzyň düzümindäki 63 sany ilkinji guramalarymyzy düzýän zenanlaryň 12 müňe golaýynyň her ugurdaky ornuna, halal hem tutanýerli zähmetine, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Olar jemgyýetimizde bolup geçýän täzelenişe işeňňir gatnaşýarlar, zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Zenanlar bilen dürli mowzuklarda alnyp barylýan işleriň olaryň döwre gatnaşygyny pugtalandyrýandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Olar her bir işde öňdeligi we işjeňligi bilen, özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp jogap berýärler. Has takygy, üstümizdäki ýylyň şygarynyň etrabymyzyň mährem eneleriniň, gyz-gelinleriniň hem ýürek owazy bolup ýaňlanandygyny uly buýsanç bilen aýtmak ýerlikli. «Halkyň Arkadagly zamanasynyň buýsançly zenanlary» atly şygar bilen yzygider geçirilip gelinýän dabaraly duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumyna, ajaýyp başlangyjyna hoşallyk, mähirli goldaw zenanlaryň ýürek senasy bolup ýaňlanýar. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýän günlerde zenanlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda geljek 30 ýyla niýetlenilýän tutumlary kesgitleýän taryhy maksatnamanyň kabul edilmegine garaşylmagy we onuň ähmiýeti giňden düşündirilýär.

Maşgala gymmatlygyny berkarar etmek, arassa ahlaklylygy ündemek, ýaş gyz-gelinlerde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerine höwesi artdyrmak, olaryň inçe ýollaryny öwretmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik berjaý etmeklerini gazanmak, halallygy, arassa ýaşaýşy wagyz etmek boýunça geçirilýän maslahatlar, duşuşyklar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, ýetginjek gyzlar, ýaş çatynjalar, öý bikeleri bilen gürrüňdeşlikler özüniň ýokary netijelerini berýär. «Türkmen zenanynyň bagtynyň gözbaşy edep-ekramda, zähmetsöýerlikde, halallykda», «Maşgalam — baş galam», «Ruhy-ahlak terbiýe — döwrüň talaby», «Döwrüň bagtyýar zenanlary», «Hany bakaly, gyzlar!», «Maşgala — mukaddes ojak» ýaly başga-da birnäçe çagyryş bolup ýaňlanýan şygarlar bilen guralýan çäreler soňky wagtda zenanlaryň garaşylýan netijelere ygrarlylyk bilen jogap bermeklerini şertlendirdi.

TZB-niň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän «Ýylyň zenany», «Gülüň owadan» ýaly bäsleşiklere etrabymyzyň zenanlarynyň hem işjeňlik bilen gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändiklerini buýsanç bilen bellemek ýerlikli.

Ýeri gelende etrap guramamyzyň hatarynyň artmagynda we gündelik durmuşa geçirilýän işlerde etrabyň bilim, saglyk, medeniýet, arassaçylyk ulgamlarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň çykyş edýändiklerini, hemişe öňdeligi elden bermeýändiklerini nygtamak zerurdyr. Şeýle işjeňlik döwre, Watana, Gahryman Arkadagymyza ýakynlygyň, el-ele berip öňe gitmegiň, nazarlanýan sepgide ýetmegiň we jemgyýetimizde mizemez bitewüligiň näderejededigini görkezýär. Bize şeýle uly joşgun, yhlasdyr hyjuw bilen işlemäge, türkmen zenanlarynyň belent mertebesi ýaly beýik işlerini açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun!

 

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren
Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm