2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Dogdugymdan — düşdügim

Halk döredijiligi giden bir umman. Lälelerdir monjugatdylardan, hüwdülerden başga-da, zenanlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşda hojalyk, durmuş hajatly döreden söz düzümleri ulanyşdan galman, ene dilimiziň baýlygyny artdyryp, ony has-da kämilleşdirýär.

«Atam maly baýlygyma däl, baýrynmagyma», «Odunyňy aýama, nanyňy söýeme!», «Aýbymy enem aýtmasa-da, aýna aýdar» ýaly aýal-gyzlaryň diline mahsus bolan aňlatmalar olaryň erkeklere garanda has duýguçyldygyny, dilleriniň has çeperdigini äşgär edýär.

Öňem biriniň ýanýoldaşy ir ertirden meýdana gidip orak orup, döwek döwüp, giç agşam dolanyp geler eken. Meýdan işinden aryp gelen adamsy aýalyndan nämedir bir zatda nägile bolsa: «Sen ony ýa muny etmänsiň, uzakly gün öýde oturyp, näme edýäň?» diýse, dili çeper hem şerebeli keýwanysy:

— Orak ormak — oýnamak, döwek döwmek — at münmek, ýer sürmek — baryp-gelmek, haý-haý, çaýkanyp un elemek — diýip, jogap beripdir.

Uzakly gün öýüň göze görünmeýän işleri bilen güni geçýän zenanlaryň dilinden dörän bu jaýdar aňlatma dilimiziň şirinligini artdyrýar.

«Atam maly baýlygyma däl, baýrynmagyma» diýlen aýtgynyň esasynda şu rowaýat ýörgünli. Öňem barjamly biri gyzy gaýdyp gidende ähli zatdan berip, kemini-köstüni goýmandyr welin, şonda-da atasy:

— Aýt balam, heý, armanyň galdymy? — diýende:

— Wah, atam jan, sen meniň syndyma syr, syrygyma gap etmediň-dä — diýip jogap beripdir.

Şu rowaýatda gyz-gelinleriň sabyrly-kanagatly, «Dogdugymdan — düşdügim» diýlişi ýaly, düşen ýeri bilen bolmagy ündelipdir. Şulardan görnüşi ýaly, gelin-gyzlaryň döreden şahyrana söz düzümlerinde aýdyljak bolunýan pikir durmuşda görlüp ýörlen zadyň ýa-da wakanyň üsti bilen beýan edilipdir. Ene-mamalarymyz bu aýtgylaryň terbiýeçilik ähmiýetini-de nygtap, nesilden-nesle geçiripdirler.

 

Göwher SULTANOWA,

Boldumsaz etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm