2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

El hünäri — il gezer

Ýakynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda “El hünäri — il gezer” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşigiň esasy maksady ýaş neslimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň tebigy zehinini hem-de el hünär başarnygyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigi tapgyrlaýyn geçirildi. Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda-da bu bäsleşik ilki bilen, hünärler arasynda soňra fakultetleriň arasynda guraldy. Ukyp-başarnygy boýunça tapawutlanýan talyp ýaşlar özara bäsleşip, milli mirasymyzy, urp-adatlarymyzy, gelin-gyzlarymyzyň el işlerini aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň, edebi kompozisiýalaryň üsti bilen beýan etdiler. Biri-birinden tapawutlanan ajaýyp hem täsirli çykyşlara emin agzalar tarapyndan baha berildi. Netijede, talyp gyzlaryň arasynda has ökdeleri, zehinlileri ýüze çykaryldy we ýeňijiler yglan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşigiň jeminde senagat-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jemal Myradowa 1-nji, kompýuter tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Bägül Gurdowa 2-nji, energo-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Merýem Durdymyradowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyp gyzlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda talyp ýaşlar ajaýyp zamanada, eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary alyp barýan milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwladylar.

 

Sülgün ŞADYÝEWA.

“Maru — şahu jahan”.

SURATLARDA: döredijilik bäsleşiginden pursatlar.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

Daşoguz habarlary gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm