2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«ÝYLYŇ ZENANY — 2022»

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýylyň-ýylyna yglan edýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary dowam edýär. Golaýda bu bäsleşigiň S.A.Nyýazow adyndaky, Görogly, Akdepe, Gurbansoltan eje adyndaky etrap tapgyrlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şol etraplaryň zenanlar guramalarynyň guramagynda geçirilen bäsleşiklerde oňa gatnaşan zenanlar alyp barýan döwlet işinde tapawutlanýan iş görkezijisi, milli gymmatlyklarymyzy dowam etdirmekde ýerine ýetirýän işleri, medeni mirasymyzy döwre laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesle milli däp-dessurlarymyzy öwretmek, dünýä ýaýmak boýunça asylly işleri, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge goşýan saldamly goşandy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmeti, türkmen obasynyň döwrebap keşbini kemala getirmekdäki hyzmaty, telekeçiligi ösdürmek boýunça şahsy goşandy barada çykyş edip, öz mümkinçiliklerini açyp görkezdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara TKA-nyň etrap birleşmeleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Daşoguz habarlary gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm