2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

“ÝEŇŞIŇ” ISLEGLI ÖNÜMLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimizde uly ösüşlere eýe bolunýar. Ähli pudaklarda sanlylaşdyrma giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. At-owazasy, şöhraty, ýokary hilli önümleri bilen tanalýan “Ýeňiş” tikin fabriginde ykdysady ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply bolan ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýokarlanýar. Munuň özi önümleriň bolçulygyny artdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi ösdürilýändigini görkezýär.

Tikin fabriginde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işleriň gowy netijelere eýe bolýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günki günde bu kärhana öz önümleri bilen ýurdumyzda oňat tanalýan fabrikleriň birine öwrüldi. Fabrikde alnyp barylýan işler üstünliklere ýetirýär. Bu ýerde, 400-e golaý işgär zähmet çekip, olaryň aglabasy gyzgelinler. Olaryň iş pursatlaryny synlanyňda, göwnüň göterilýär. Şol pursat şadyýanlygy, ruhubelentligi baýdak edinýän zenanlarymyzyň ellerine güller bitsin diýeniňi duýman galýarsyň. Olaryň mähir, yhlas siňdirip tikýän egin-eşiklerine hemişe ýokary baha berilýär.

— Fabrigimizde öz hünärleriniň ussatlary ýyl-ýyldan artýar. Hünärinden kemal tapýan ussat zenanlarymyzyň onlarça şägirtleri bar. Önümçilikde halypalyk derejesine ýeten tikinçi zenanlardan Aýbibi Annalyýewanyň, Täjigözel Ilbegiýewanyň, Dürli Çaryýewanyň, Oguljan Bugraýewanyň atlaryny hormat bilen aýtmak bolar. Bu ýerde, esasan, erkek adamlaryň köýneklerini tikýärler. Elbetde, ýokary hilli taýýarlanan önümleriň hyrydary-da köp bolýar. Kärhananyň ýokary hilli önümlerine halkyň arasynda isleg gün-günden artýar. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň islegini kanagatlandyrmak — diýip, fabrigiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça injeneri Gunça Akmuhammedowa aýdýar.

Şu günki günde bu kärhananyň önümleri ýurdumyzyň islendik künjeginde öz hyrydaryny tapýar. Şeýle hem fabrigiň ýörite öz önümlerini hödürleýän dükanlarynyň birnäçesi bar. Halkyň islegine laýyklykda hereket edýän dükanlaryň müşderileri köpelmese azalanok. “Ýeňiş” tikin fabriginiň ýeňiş getirýän önümleriniň hiliniň has-da ýokarlanyp, işiniň netijeliliginiň artmagy ugrunda edilýän yhlas-tagallalar ýerine düşýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda çeper elleriniň hünäri bilen ýurdumyzyň adyna şöhrat getirýän zenanlarymyza uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Ogulşat BERKELIÝEWA. «Maru şahu jahan».

SURATLARDA: “Ýeňiş” tikin fabriginden iş pursatlary.

Suratlary düşüren Şamyradow.

Maru-şahu jahan gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm