2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«Ýylyň zenany — 2022»

BÄSLEŞIGIŇ ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

 

 

 

Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy bolan zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetinde ornuny, maşgala ojagyny berkitmekde, ýaş nesilleriň sagdynlygyny goramakda, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşandyny açyp görkezmek, şeýle hem olaryň ähli ulgamlardaky alyp barýan işlerini gowulandyrmaga tagallalary birleşdirmek, tekliplerini öwrenmek we goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň häzirki wagtda etrapdyr şäher tapgyrlary dowam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy zenanlaryň durmuşyna hem özüniň joşgunly täsirini ýetirdi. Ony häzirki wagtda bäsleşigiň dowam edýän deslapky tapgyrlarynda zenanlaryň işjeňligi hem dolulygyna açyp görkezýär. Bu hakykat golaýda bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyrynda-da has aýdyň ýüze çykdy. TZB-niň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna has erjelligi, tutanýerliligi, aýratyn zehini, ukyp-başarnygy bilen tapawutlanan zenanlaryň uly topary gatnaşdy.

Bagtyýar zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda çykyş etdiler. Şonda olar «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça özleriniň başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşik örän şowhunly ýagdaýda geçdi. Çünki bäsleşigiň geçýän ýerinde zenanlaryň mährem dünýäsine kybapdaş guralan ajaýyp görnüşler özara sazlaşyp, bir bitewi mazmuny emele getirdi.

Bäsdeş zenanlaryň arasynda has tapawutlananlary öňe saýlandylar. Ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Bazar TILLAÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm