2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Welaýat zenanlar bölüminde

Milliligimize söýgi döredilýär

Golaýda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyza bagyşlap, TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat häkimliginiň ýygnaklar jaýynda dürli kärdäki zenanlarymyzyň arasynda maslahat geçirildi. Oňa welaýat zenanlar bölüminiň ilkinji guramalarynyň başlyklary işjeň agzalary we edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

Maslahaty TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Güljemal Nazarowa açdy we täsirli alyp bardy.

Täsirli geçen maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa “Arkadagymyzyň ýörelgesi — milli gymmatlygymyza sarpa” diýen şygar esasynda çykyş etdi. Welaýat häkiminiň orunbasary öz çykyşynda şeýle gürrüň berdi:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde medeni hem-de ruhy mirasymyz öwrenilýär. Türkmen halky üçin öý-ojak iň gymmatly mukaddesliklerdir. Çünki, türkmeniň naýbaşy gymmatlyklary öý-ojakda jemlenendir. Şol gymmatlyklarda halkymyzyň geçmiş taryhy, gadymy milli däp-dessurlarymyz orun alandyr. Geçmiş taryhymyzy,milli medeniýetimizi yzygiderli ösdürmekde mugallymlarymyzyň hem-de kümüş saçly eneler siziň ornuňyz örän uludyr. Siz ýaşlarymyzyň hünäre bolan islegini höwesini düýpgöter ösdürmelisiňiz. Gadymy hem müdimi senedimiziň sarpasyny saklamakda ony ösdürmekde we ýaş neslimize ýaýmakda alyp barýan nusgalyk işleriňizde rowaçlyk arzuw edýärin.

Halkymyzyň gadymy gymmatlyklaryny wagyz-nesihat etmäge bagyşlanan maslahatda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewanyň “Kanunlarymyzyň milli äheňde kämilleşdirilmegi”,welaýat kitaphanasynyň başlygynyň orunbasary Maýsa Berdigulyýewanyň “Zenan bagtyýarlygy”, Mary şäheriniň ýaşaýjysy “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Oguljennet Öwezgeldiýewanyň “Millilik guwanjymyz” hem-de Garagum etrabynyň medeniýet öýüniň işgäri Enejan Kadyrowanyň “Arkadagly ajap çagly Watanym” atly çykyşlary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesini arşa galdyrýan zenanlarymyzyň milli mirasymyzy ýaş neslimize ýetirmegiň, olaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň derwaýys meseleleriň birine öwrülýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Bilim almak, senet öwrenmek perzendiň borjudyr. Çaga ulaldygyça onuň bedenidir ruhy hem kuwwatlanýar, ýagşydyr ýaman taraplary saýgaryp ugraýar. Şonuň üçinem, mugallym, ene-ata bilimdir senedini wagtynda öwretmäge çalyşmalydyr. Onsoňam perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur. Ýene-de, bir bellemeli zadymyz çaga üçin iň gowy miras ol — hünärdir. Hünär bolsa, uly senetdir.

Maslahatyň ahyrynda ýaş neslimizi süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

 

Ogulşat BERKELIÝEWA.

“Maru — şahu jahan”

SURATDA: maslahatdan pursat.

Surata düşüren Şamyrat AMADOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm