2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenanlar guramasynda

ÇEPER ELLI HALYÇYLAR BÄSLEŞDILER

 

 

 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem-de Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen yglan eden «Asyrlardan-asyra aşan nepislik» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň çeper halyçylyk kärhanasynda we onuň etraplardaky önümhanalarynda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar. Milli däp-dessurlarymyzyň gadymy nusgasyny, halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny açyp görkezmekde, dokma senagatynda ýetilen belent sepgitleri giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşik welaýat merkezindäki «Maral» toý mekanynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden joşup çykan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda beýan edilişi ýaly, dünýä halyçylyk sungatynda giňden tanalýan türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň taryhyny, welaýatymyza mahsus bolan halylaryň göllerini, olaryň gaýtalanmaýan nusgawy nagyşlaryny, türkmen halkynyň ajaýyp halylarymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny türkmen milli däp-dessurlaryna laýyklykda, dabaraly wasp etdiler. Şeýle-de, welaýatymyzyň aýratynlyklary bilen bagly hala salnan gadymy gölleriň, nagyşlaryň, olara siňen syrlaryň taryhy, gelip çykyşy, aňladýan manysy baradaky maglumatlar täsirli çykyşlaryň özenini düzdi. Bäsleşige gatnaşyjylar haly sungaty bilen bagly gadymy rowaýatlary, halk arasyndaky yrymlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, öz ýürek buýsançlaryny beýan edýän goşgulary çeperlik bilen ýerine ýetirdiler. Tutuşlygyna baý many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslenip geçen bäsleşikde has tapawutlanyp çykyş eden halyçy zenanlar öňe saýlandylar. Netijede, birinji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçylary Nabat, Näzikjemal Begjanowalar, ikinji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülçemen Atajanowa, gözegçi ussasy Jemal Amandurdyýewa, üçünji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky haly önümhanasynyň halyçylary Ýulduz Sapaýewa, Gözel Meredowa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm