2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenan sarpasynyň söhbedi

Ýurdumyzda maşgalanyň abadanlygyna, agzybirligine, zenanlaryň jemgyýetde we maşgalada tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän çärelerde bular dogrusynda täsirli gürrüňler edilýär.

Mekdebimizde aýal-gyzlaryň gatnaşmaklarynda «Maşgalam — baş galam» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi welaýat Baş bilim müdirliginiň zenanlar guramasy tarapyndan guraldy. Onda şäherimiziň öňdebaryjy, halypa mugallymlary çykyş etdiler.

Çäre örän täsirli geçmek bilen, onda maşgala agzybirligi, maşgalada agzybirligiň höküm sürmeginde zenanlaryň orny, enelere sarpa, zenan mertebesi, edep-ekram, milliligimizi saklamak barada gyzykly söhbetlere orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndan parçalar okalyp, bu gymmatly eseriň ýurdumyzda enelere, aýal-gyzlara nusgalyk derejede sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydygy buýsanç bilen bellenildi. Döwrümizi, eneleri wasp edýän goşgular okalan wagyz-nesihat çäresinde zenanlara uly hormat-sarpa goýýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Annasoltan MÄMMETGURBANOWA,

Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm