2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Zenanlar guramasynda

ZAMANA BUÝSANJYŇ BEÝANY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary barada edýän uly aladalaryna zenanlaryň mynasyp zähmet bilen jogap bermeklerini gazanmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksadynda geçirilýän bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bu bäsleşik uly dabaralara beslendi. Döwre gurap ýerleşdirilen tärimleriň öňünde çeper elli zenanlaryň on barmagynyň oýnamyndan dörän milli el işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ajaýyp görnüşleri emele getirdi. Ol zenanlaryň mährem dünýäsine kybapdaş bolup, olaryň ýerine ýetirijilik hyjuwyny has-da joşdurdy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar bellenen ugurlar boýunça çykyş edip, öz mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Şonda olar döwlet edaralarynda ýokary ýolbaşçylyk ukybyny, öndürijilikli zähmet çekmekde yhlasyny, sungat derejesine ýeten el işlerini ýerine ýetirmekdäki başarnyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda asylly işlerini, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge goşýan saldamly goşandyny, ata Watanymyzyň we halkymyzyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmeginde görkezýän merdanalygyny, türkmen obasynyň döwrebap keşbini kemala getirmek ugrundaky tagallalaryny, hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna ýardamyny örän çeperçilik bilen beýan etdiler.

Bäsleşik baý many-mazmunly geçdi. Bäsdeş zenanlar öz zähmet çekýän ugurlary boýunça işjeňligini açyp görkezdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, ýeňijiler belli boldy. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Köneürgenç şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Şirinjemal Gurbanowa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Pürenowa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Soltanbagt Rejepowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Maral Jambulowa, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjy edaralar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça harby bölüminiň Gorag batalýonynyň Gorag rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Nurana Kurbankulyýewa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Ruhubelent etrabynyň Şäherçe geňeşliginiň hünärmeni Mährijemal Täjimyradowa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy Madina Ýuldaşowa dagy ýeňişli orna mynasyp bolup, şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gunça ÇOPANOWA, ýörite habarçy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm