2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MEDENI ÇÄRE

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynda hem agzybir kitaphana işgärleriniň, okyjylar köpçüliginiň, KA-nyň etrap birleşmesiniň, şeýle-de etrap zenanlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda «Watanym «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda»  atly medeni çäre geçirildi. Çärede «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly — halkyň köňül arzuwy», «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly uly ösüşlere baý ýyllaryň biri bolar», «Halkymyz mydama Arkadag bilen» atly mowzuklar boýunça çykyşlar guraldy.

Medeni çäräniň çäklerinde «Halkyň Arkadagly zamanasynda», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!»,  «Döwlet adam üçindir!» atly sergiler hem guraldy. Sergilerde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary aýratyn orny eýeledi.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm