2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ELI HÜNÄRLI, DILI SENALY ZENANLAR

Türkmenabat şäheriniň görküne özüniň milli öwüşgini bilen aýratyn görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol gün çäräniň geçýän ýeri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sadaka jaýy türkmeniň milliligini janlandyryp, uly ruhubelentlige beslendi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň sergi bolsa milli sungatymyzyň, senedimiziň ajaýyp nusgalaryny synlamaga mümkinçilik döretdi.

Däbe öwrülen bäsleşik «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany», «Ýylyň harby zenany» diýen ugurlardan ybarat bolup, oňa gatnaşan bäsdeş zenanlar özleriniň guramaçylyk ukybyna eýediklerini, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşýandyklaryny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, milli mirasymyzy dowam etdirip, dünýä ýaýmak ýaly asylly işde hem-de harby we hukuk ulgamynda işjeňlik görkezýändiklerini, bulardan başga-da ýaş nesli terbiýelemekde yhlasly zähmet çekýändiklerini, obalary ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny, bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezdiler.

Bäsleşik tamamlanandan soňra eminler topary tarapyndan ähli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýlelikde Saýat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Bazarowa «Ýylyň işewür zenany», Farap etrabyndaky 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Altyn Muhammedowa «Ýylyň çeper elli zenany», Hojambaz etrabyndaky Burdalyk oba medeniýet öýüniň sazandasy Maýsa Saparowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Kerki etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gyrmyzy Jumaýewa «Ýylyň mährem zenany», Kerki etrabyndaky N-nji harby bölüminden rota serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Gülüstan Şerapowa «Ýylyň watançy zenany», Halaç etrabyndaky «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maral Gurbanowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynyň konditer önümleriniň hünärmeni Firuza Demirowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sylaglanyldy.

 

Maral AKMYRADOWA,

ýörite habarçymyz.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/18/articles/56599

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm