2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Döwletliligiň başy eneden gaýdýar

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan edilen «Ene döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän göreldeli zenanlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň çuňňur many-mazmunyny wagyz etmeklige hem-de bu eseriň üsti bilen ýurdumyzda zenan maşgalalara goýulýan sylag-sarpany açyp görkezmeklige gönükdirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň birinji şerti «Ene her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda» diýlip atlandyryldy. Bu şertde bäsdeşler milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, şeýle-de çagalaryna ene mähri bilen göreldeli terbiýe berýän eneler barada buýsançly gürrüň berdiler. Bäsleşigiň «Çaganyň terbiýesinde ene hüwdüsiniň gudraty» atly ikinji şertinde bolsa mährem zenanlar ynsan perzendine zerur bolan ýakymly owaz, söz hem-de saz bilen ene hüwdüsini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň «Enäniň alkyşy ― Watanyň rysgaly» atly üçünji şertinde bolsa oňa gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny gazallaryň, aýdymlaryň we goşgularyň üsti bilen labyzly we çeper beýan etdiler.

Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi bilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Netijede Türkmenabat şäherindäki 45-nji çagalar bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Dursun Babanazarowa birinji orna, Döwletli etrap medeniýet öýüniň tans goýujysy Aýbike Rejepowa ikinji orna, Dänew etrabyndaky 23-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Sabyr Borjakowa we Köýtendag etrabyndaky 28-nji çagalar bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Maýa Seýitalyýewa dagylar bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Güljan DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/24/articles/56761

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm