2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Gyz edebi — il edebi

Ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmek we ony geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözelleri» atly bäsleşigi-de şeýle mazmunly çäreleriň biridir. Golaýda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, ýeňijiler yglan edildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaklarynda geçirilen bu bäsleşige etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar. Bäsdeşler «Gyz edebi — il edebi», «Hünärim bar, hormatym bar», «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» ýaly şertler boýunça çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Çeper elli gyzlarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ahlak gymmatlyklarymyzy şöhlelendiren täsirli çykyşlary, ene-mamalarymyzyň zehin ussatlygyndan dörän, çeperçiligiň nusgasy bolan keşde çekmek, gaýma gaýamak, basma basmak, alaja çekmek we örmek boýunça ýerine ýetiren el işleri, çeper goşgular, aýdymlardyr gazallar bäsleşige aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde gurnalan el işleriniň, amaly-haşam, haly we haly önümleriniň sergisi hem çärä aýratyn gözellik çaýdy. Üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan gyzlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Dursunaý KURBANKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/24/articles/56759

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm