2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Göçme okuw sapagy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň gülläp ösmegi, şu günki ýaş nesillerimiziň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzdaky her bir edara-kärhanalarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň guramagynda Bäherden etrabynyň «Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda» umumybilim berýän mekdeplerde hereket edýän zähmet gurnaklarynyň göçme okuw sapagy geçirildi. Bu ýerde okuwçy gyzlaryň keşde çekmek, haly dokamak, jorap örmek we beýlekiler boýunça el işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Okuw sapagynda halyçylyk kärhananyň halypa halyçy zenanlary Gurbangözel Annamyradowa, Ogulsabyr Hydyrowa, Annadursun Akmämmedowa we mekdep mugallymlary okuwçy gyzlara halyçylygyň inçe tilsimleri hakynda täsirli hem peýdaly maslahatlaryny aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryndan dürli rowaýatlary, tymsallary gürrüň berdiler. Ýakynda döwlet derejesinde geçirilen «El görki — hünär» atly bäsleşigiň hem ýaşlaryň hünäre bolan ussatlyklaryny ýüze çykarmakda uly mümkinçilik bolandygyny we bu bäsleşikde etrabyň mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş edendiklerini buýsanç bilen bellediler.

El işleriniň göçme okuw gurnaklarynyň geçirilmeginiň özboluşly aýratynlyklary bar. Bularyň üsti bilen gyzlara zenan maşgala mahsus bolan edep-terbiýe, dürli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamak hem öwredilýär. Gurnak okuw sapaklarynda okuwçy oglanlardan döredilen toparlaryň arasynda bagbançylygyň, senetçiligiň giň ugurlaryny öwretmek, zähmete ünslerini çekmek bilen baglanyşykly dürli çäreler hem geçirilýär. Bu işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, hünärli, milli ruhda terbiýelenmegi üçin hormatly

Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekeris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Artykjemal ANNAÖWEZOWA,

Bäherden etrabyndaky A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm