2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ýylyň zenany saýlanyldy

2022-nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyry Sakarçäge etrabynyň “Gülüstan” geňeşliginiň “Yrsgally” toý mekanynda geçirildi.Oňa welaýat zenanlar bölüminiň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlarymyz gatnaşdylar.

Bäşleşigi TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa alyp bardy. Täsirli geçen bäsleşikde welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa oňa gatnaşanlary gutlap, taryhymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeni hem-de ruhy miraslarymyz içgin öwrenilýär. Türkmen halky üçin öý-ojak iň gymmatly mukaddeslikdir.Çünki, türkmeniň naýbaşy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary öý-ojakdan maşgaladan başlanýar. Welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guralan bu bäsleşikde şol gymmatlyklaryň gözbaşynda durýan zenanlarymyz öz edýän el işleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişleri, tagam taýýarlaýyşlary, maşgala ýörelgeleriniň sarpasyny saklaýyşlary barada aýdymdyr sazlaryň, edebi kompozisiýalaryň üsti bilen çykyşlaryny görkezdiler. Zenanlarymyzyň biri-birinden tapawutlanyp eden çykyşlaryna emin agzalary tarapyndan baha berildi. Emin agzalarynyň ýolbaşçysy TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Güljemal Nazarowa bäsleşige gatnaşan zenanlaryň oňa örän taýýarlykly gelendiklerini nygtap, olara türkmeniň milli däp-dessuryny dowam etdirmekde üstünlik arzuw etdi.

Bu ýaryşda olar ýylyň işewür zenany, ýylyň çeper elli zenany, ýylyň sungatda işjeň zenany, ýylyň mährem zenany, ýylyň Watançy zenany, ýylyň öňdebaryjy zenany, ýylyň telekeçi zenany diýen şertler boýunça bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde zenanlar ýedi şert boýunça ýaryşdylar. Onda birinji şert boýunça Sakarçäge etrabyndan Bahar Galandarowa, ikinji şert boýunça Wekilbazar etrabyndan Ogulkeýik Esenowa, üçünji şert boýunça Mary şäherinden Jennet Nazarowa, dördünji şert boýunça Baýramaly şäherinden Gülşirin Hojahanowa, bäşinji şert boýunça Mary şäherinden harby zenanymyz Ogulnabat Ýakubowa, altynjy şert boýunça Garagum etrabyndan Göwher Hojaýewa, ýedinji şert boýunça Türkmengala etrabyndan Aýgül Nazarlyýewa mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda il-günümize ajaýyp zamanada, bagtly durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge, milli senedimizi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri ýaňlandy.

 

Ogulşat BERKELIÝEWA.

Suratlarda: bäsleşikden pursatlar.

Suratlara düşüren Şamyrat AMADOW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/56718

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm