2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

BAGTYÝAR ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Asyrlar boýy edepli, aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde dünýä tanalan halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýurdumyzda maşgala gymmatlygyna goýulýan sarpany beýan etmek, ýaş nesillerde Watanymyzyň ösüşlerine söýgini artdyrmagy wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady bolup, oňa gatnaşanlar dürli ugurlar boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hazar şäher birleşmesiniň başlygy Gurbangül Mämmedowa «Ýylyň işewür zenany», Etrek etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň halyçylyk gurnagynyň ýolbaşçysy Meretgül Saparmämmedowa «Ýylyň çeper elli zenany», Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Arazdöwlet Dawudowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Serdar şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Sahypjemal Nazarowa «Ýylyň mährem zenany», welaýat Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň 3-nji bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň kapitany Aýsona Dumanowa «Ýylyň watançy zenany», Serdar etrabynyň Janahyr şäherçe Geňeşiniň hünärmeni Toty Saparowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Gurbangül Annamuhammedowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA. Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm