2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

ARKADAGDAN ARKAM BAR, MIRASYMA SARPAM BAR

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagdan arkam bar, mirasyma sarpam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «El bilen döredilen gözellik» we «Kesbi-kärim — nesillere görelde» diýen şertlerden ybarat bolan bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň gadymy nusgalaryny, nagyşlara siňen şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manysyny çeper sözlerde beýan etdiler. Nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, hymmyllary aýtdylar. Aýdym-sazlarda, goşgularda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, ata Watanymyzyň, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň waspyny ýetirdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň egirme we darak enjamynyň operatorlary Bagtygözel Jommyýewa hem-de Gurbansoltan Maryýewa degişlilikde birinji we ikinji orunlara mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Ejeş GUWANJOWA.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm