2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Enelere belent sarpa

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany welaýat häkimligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 4-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň resminamasyna laýyklykda, biziň welaýatymyzyň köp çagaly bagtyýar eneleriniň 31-si şeýle hormatly ada mynasyp boldy. Bagtdan paýly mährem eneleri sylaglamak mynasybetli geçirilen dabara toý ruhuna beslendi.

Dabarada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni — 8-nji mart baýramy mynasybetli gutlaglar beýan edilip, zenanlaryň şanyna toýlanýan senäniň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler Arkadagly döwrümizde zenanlara goýulýan sylag-sarpa hakda aýratyn durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda zenanlaryň zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi we eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, her ýylda öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlara goýulýan sarpanyň, maşgala gymmatlyklaryna berilýän ýokary ähmiýetiň subutnamasydyr.

Toý keşpli sahnada Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleriň sylaglanylmagy dabaranyň şatlykly we ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Bu ýerde bagtdan paýly enelere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem gowşuryldy.

Şatlykly günde Şa serpaýyna mynasyp bolan eneleriň birnäçesi ýürek buýsanjyny beýan etdi. Münberden çykyş edenler özleri hakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary owadan toý sahnasynyň ruhubelentligini artdyryp, giň zaly dolduryp oturan zenanlaryň keýpiçaglygyny goşalandyrdy. Ýaňlanan şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlar, milligine ýugrulan tanslar Arkadagly döwrümizde çäksiz üns-alada bilen gurşalan mährem enelerimiziň, bagtyýar zenanlarymyzyň belent waspy boldy.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty. SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm