2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Bagtyýar eneleriň ýürek buýsanjy

Mährijemal AŞYROWA,
Bäherden etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi:

— Perzende garaşmak aýal maşgala üçin durmuşynyň iň bagtly döwri bolýan eken. Ogul-gyzy dünýä inderip, bagryňa basmak bolsa söz bilen beýan ederden ýokarda. Meniň alty gyzym, iki oglum bar. Köp çagaly maşgalalary görenimde, olary gözügidijilik bilen synlap, guwanardym. Işleýän ýerim hem çagalar bagy bolany üçin çagalaryň dünýäsine aralaşanymdan soň menden bagtyýar adam ýokdy. Men gaýyn öýümiň kiçi gelnidigime garamazdan, gaýnym — Orazsoltan maňa hemişe «Nowbahar gelnim» diýip ýüzlenýär.

Sekiz çagany kemala getirip, olara näçe yhlasymy siňdirip, mähir beren-de bolsam hiç haçan ýadawlyk duýmadygym üçin gaýyneneme hoşallygymyň çägi ýok. Onuň söz goldawy, berýän öwüt-nesihaty, çagalaryma bolan söýgüsi meniň durmuşymyň manysyna öwrüldi. Döwletimiz tarapyndan köp çagaly maşgalalara ýakyndan ýardam berilmegi bolsa, hakyň geljegini ýaş nesillerde görýän Gahryman Arkadagymyzyň belent adamkärçiligini, egsilmez haýyr-sahawatyny görkezýär. Şeýle ajaýyp günde Gahryman Arkadagymyzyň permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolmak bagtynyň miýesser etmegi buýsançly başymy göge ýetirdi.

Goý, eneleriň hüwdüsi her bagtly ojagyň baş mukamy bolsun, sallançaklaryň bady ýatmasyn! Bizi şeýle belent derejelere ýetirip, enelere aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun! Sylag-serpaýyňyz üçin taňryýalkasyn Gahryman Arkadagymyz!

Mähri HEBEŞOWA,
Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy:

— «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigi üçin bu gün buýsanjymyň çägi ýok. Biz — köp çagaly enelere hossarlyk nazary bilen seredýän Gahryman Arkadagymyza maşgalamyzyň adyndan alkyş aýdýaryn. Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan ene baradaky aýdymlar, ene mukaddesligi hakyndaky şirin söhbetler kalbymda üýtgeşik duýgulary döredip, özümiň juda bagtlydygyma ýene bir ýola göz ýetirdim. Çagalarymy daşyma üýşürip, olara mähir bilen seredip, olaryň dünýäsine dolanyşym ýadyma düşüp enelik bagtynyň nähili gudratdygyna guwandym.

Hudaýa şükür, dokuz perzendim bar. Olaryň hersi meniň üçin bir dünýä. Körpe perzendim Ysmaýyl janyň dünýä inenine on gün boldy. Bagryma basyp, ony ýanym bilen alyp geldim, sebäbi onuň şu bagtyýarlygymy, bagtdan paýly, sowgatdan serpaýly bolan begençli günümi deň paýlaşmagyny ene ýüregimden isledim. Bizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Asuda, abadan ýurdumyzda bagtyýar eneleriň hüwdüleri ýaňlanyp dursun!

Baýramgül GELDIÝEWA,
Sarahs etrabynyň Ata obasynyň ýaşaýjysy:

— «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn aladalary bilen gurşalýan enelerdir ýaş nesiller bagtyýar döwrümizde eşretli günleriň gujagynda ýaşaýar. Men hem alty ogul, iki gyz perzendi dünýä inderen ene hökmünde halkymyzyň köp çagalylyga goýýan sarpasyna guwanýaryn. Türkmen ilimiziň köp çagalylygy söýmegi irginsiz zähmete ukyplydygyndan, yhlasynyň güýçlüdiginden, mähriniň bollugyndan, göwnüniň giňliginden habar berýär. Sebäbi her bir ene-ata mydama öz wagtyny, yhlasyny, ömrüni perzentlerine bagyş edip ýaşaýar. Ene hökmünde şuny aýratyn belläsim gelýär. Ol hem zenanyň çagasy näçe köp bolsa onuň ýüregi şonça-da kuwwatly bolýar. «Her gülüň öz ysy bar» diýen ata-babalarymyz bu sözi diýseň ýerlikli belläpdirler. Men öz çagalarymyň hersinden aýratyn duýgy, aýratyn mähir-söýgi alýaryn. Olaryň häsiýet-gylyklarynyň aýry-aýrylygyna garamazdan, ählisine düşünip bilmegim enelik söýgüsiniň ylahydan berilýän serpaýdygyny kalbyma guýýar.

Mähriban enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň ajaýyp baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde meniň hem «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolmagym durmuşyma altyn harplar bilen ýazyldy. Pursatdan peýdalanyp, ene ýüregimden hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwleti dowamat dowam bolsun!

Orazgül AŞYROWA,
Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy:

— Toý tutulyp, öýe gelin gelen badyna, ilki bilen, onuň gujagyna bäbejigiň berilmeginiň düýp manysy çaganyň döwletlilikden nyşandygyny aňladýar. Bu ajaýyp dessur gelniň aýagy düşüp, maşgalanyň köpelip-örňäp gitmegi üçin edilýär.

Ata-babalarymyzyň gadymy ýol-ýörelgelerine belent sarpa goýup, enelere we enelige aýratyn hormat bilen garaýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köp çagaly enelerini aýratyn mähir we alada bilen gurşaýar. Munuň şeýledigine her ýyl Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy doly şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp pursatda men hem bäş ogul, üç gyzyň ejesi hökmünde öz buýsanjymy aýratyn belläsim gelýär.

Maşgalamyzda ýeke gyz bolup, ulalanym üçin gyza syrdaşyň, göwündeşiň zerurdygyna düşünýän. Her gezek bäbege umytly bolanymda gyz perzendi aýratyn dileg ederdim. «Oguldyr döwletiň başy» diýlişi ýaly, yzly-yzyna bäş oglumyň bolmagy meni diýseň guwandyrdy. Gyz perzendimiň bolmagyna bolsa, uly umyt bilen garaşdym. Hak halasa ýetilmejek arzuw ýok eken, bäş oguldan soň üç gyzym ömrüme syrdaş we höwür boldular. Bu gün men iň bagtly ene. Goý, biz — enelere çäksiz hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan buýana-da rowaçlyklara beslensin!

 

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm