2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndyryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.

Alty doganyň biri bolan Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär.

100 ýaşynyň dolmagy mynasybetli welaýat hem-de etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan sowgatlar gowşurylanda, enäniň buýsançdan, guwançdan başy gök diredi. Biz hem mährem enäniň ýaş toýuny gutlap, söhbetdeş bolanymyzda, ol, ine, şeýle gürrüň berdi:

— Ýaş wagtymyz bir döwüm çörek üçin gijämizi gündiz edip işlärdik. Adamym bilen gündiz mal-garanyň yzynda gezerdik, meýdan işlerine-de ýetişerdik. Gün eňegini ýere berende öýe dolanardyk, gijäniň ýary bolýança-da öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdim, ellik--jorap örerdim. Her kimiň bu günki iýjegi tapylsa ertiri gaýgydyr. Soňra uruş belasy başymyzdan indi. Sabyr edip, şu günlere ýetdik. «Şol agyr ýyllaryň kynçylygyny görseňem, tüweleme, uzak ýaşa ýetipsiň» diýýänem bar maňa. Aslynda, meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar. Doganlarymyňam dokuzynjy onlukdan gädip ugranlary bar. Uzak ýaşamagyň syry barada soranlarynda, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Galyberse-de, ruhubelentlik, kadaly uky we dogry iýmitlenmek — ýaşyňy uzaldýan zatlar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu durmuş endigi bolup galdy. Häzirem 100 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Aýratynam, ýaş gyz çowluklarymyň golaýymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar.

Ýaşan ýyllarymyň häzirki döwre deň geljegi ýokdur. Şunuň ýaly rysgally, döwletli zamany gören däldirin. Bolelin ýaşaýarsyň, işläbermeli, döredibermeli. Her günde, her pursatda eziz Arkadagymyza ene ýüregimden alkyş aýdýaryn. Sebäbi ýurt — parahat, il — abadan. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ýaşy uzak bolup, il-günüň bagtly durmuşy üçin alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Hawa, bagtly maşgala baş bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 ýuwlugy bar. Kiçiräk bir türkmen obasyny ýatladýan bu maşgalanyň uly-kiçi agzalarynyň mähriban enäniň pent-nesihatlaryny diňläp oturyşlaryny synlanyňda, bagtyň agzybirligiň we birek-birege sylagyň bar ýerinde baky ornaşýandygy baradaky pikir seriňe dolýar. Biz hem Älem enäniň bagtyýar maşgalasyna älem gowulyklaryny arzuw edýäris.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA,

«Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm