2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«Ene — döwletlilik» atly bäsleşik

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitaby esasynda «Ene — döwletlilik» atly bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesillerde zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy terbiýelemekden, ene hüwdüsiniň gudratyny wasp etmekden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar «Ene — her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda», «Çaga terbiýesinde hüwdiniň gudraty», «Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly» ýaly şertler boýunça bäsleşip, çagalaryny ene mähri bilen ulaldyp ile goşýan, maşgala agzalary hem-de köpçülik bilen sypaýy gatnaşykda bolmagy öwredýän eneleriň ykbalyny Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly bilen baglanyşdyryp, buýsançly gürrüň berdiler. Olar ýüreklere ýakymly täsir edýän ene hüwdüsini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle hem Arkadagly zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen çeper wasp etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, welaýat zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary, eminler toparynyň başlygy Güljemal Nazarowa çykyş edip, ýeňiji bolan zenanlary atlandyrdy we olara uly üstünlikleri arzuw etdi. Bäsleşikde 1-nji orna Türkmengala etrabyndan Sona Gurdowa, Mary etrabyndan Gülälek Nuryýewa, 2-nji orna Mary şäherinden Mähri Esenowa, Baýramaly etrabyndan Maral Hojalyýewa, 3-nji orna bolsa Murgap etrabyndan Güljan Nurýagdyýewa, Ýolöten etrabyndan Amangül Berdiýewa mynasyp boldular. Ýeňijiler TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna döretmäge, gurmaga, joşgunly zähmet çekmäge, milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

 

B. JUMADURDYÝEWA.

SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm